ATAWATAN ESERLERİ

“Sanly ykdysadyýetiň tehnologiki esaslary: bulut hasaplamalary we uly göwrümli maglumatlar.”

Bulut tehnologiýalaryny ýaýbaňlandyrma modelleri.

Ýaýbaňlandyrma boýunça bulutlary hususy , umumy we gibrid toparlara bölýärler.

Hususy bulutlarkärhananyň içki bulut infrastrukturasy we hyzmaty. Bu bulutlar korporatiw toruň çäginde ýerleşýär. Gurama hususy buludy özbaşdak dolandyryp bilýär ýada bu wezipäni daşky üpjün edijä tabşyryp bilýär.Hususy bulutlar umumy bulutlar bilen meňzeş aýratynlyklara eýe bolsa-da hususy bulutlaryň esasy möhüm aýratynlygy bar: kärhana buludy özbaşdak gurnap hem-de goldap bilýär. Içki buludy döretmekligiň çylşyrymlylygy we gymmatlygy örän ýokary bolup bilýär. Ony ulanmaklyk üçin çykdajylar bolsa umumy bulutlaryň ulanmaklyk bahasyny hem geçip bilýär.

Umumy bulutlar – satyjy tarapyndan satylýan bulut hyzmatlary. Bular kärhananyň çäginiň daşynda ýerleşdirilendir. Bu bulutlaryň ulanyjylarynyň berlenleri dolandyrmaklyk ýa-da hyzmat etmeklik mümkinçiligi ýokdur, ähli jogapkärçilik bu buludyň eýesine ýüklenendir. Bulut hyzmatlarynyň satyjysy programma üpjünçiliginiň elýeterliligini we hyzmatyny, gurnalmasyny, dolandyrylyşyny, amaly programmalaryň infrastrukturasyny ýada fiziki infrastrukturanyň gurnalmagy boýunça borçalry öz üstüne alýar. Müşderileriň diňe özleriniň ulanýan serişdeleri üçin töleg töleýärler.

Gibrid bulutlar – umumy we hususy bulutlaryň birleşmesinden emele gelýär. Adatça bular kärhana tarapyndan döredilýär, bulary dolandyrmaklyk boýunça borçlar bolsa, kärhana we umumy buludy satyjy arasynda paýlanýar. Gibrid bulutlaryň berýän hyzmatlarynyň bir bölegi umumy bulutlara degişli, galan bölegi bolsa hususy bulutara degişli. Adatça bulutlaryň bu görnüşi guramanyň möwsümleýin işjeňlik periodyna eýe bolanda ulanylýar. Başga sözler bilen aýdylsa, içki MT (Maglumat Tehnologiýalary) – infrastrukturasy dowam edýän meseleleriň hötdesinden gelip bilmedik ýagdaýynda güýjleriň bir bölegi umumy buluda zyňylýar (meselem, kärhana üçin gymmatlyga eýe bolmadyk işlenmedik görnüşdäki statiki maglumatlaryň ýokary göwrümi), başga-da kärhananyň ulanyjylarynyň serişdelere elýeterliligi üçin hususy bulutdan umumy buluda geçişi ýola goýulýar. Oňat meýilnamalaşdyrylan gibrid bulutlar, müşderileriden tölegleri almaklyk ýaly howpsuzlygy talap edýän kritiki möhüm prosesleri ýerine ýetirip bilişi ýaly, ikinji derejedäki wezipeleri hem ýerine ýetirip bilýär.   “Gartner” konsalting we ylmy-gözleg amerikan kompaniýasynyň wise-prezidenti we öňde baryjy analitigi Tom Bittmanyň pikirine görä, ýokarda sanalan üç sany bulut ýaýbaňlandyrma modeliniň içinden häzirki döwürde telekeçilik üçin iň aktual bolany hususy bulutlardyr.  Bu gün bulut hasaplamanyň iň tiz ösýän segmenti – IaaS (Infrastruktura  hökmünde hyzmat). Bu hyzmat iň pes derejeli Berlenleri Işläp Taýýarlama Merkezleriniň (BITM) serişdelerini ulanmaklyk üçin ýönekeý şekilde elýeterli edýär, emma fundamental işleýiş prinsiplerini üýtgetmeýär. Öňki amaly programmalaryň berýän aýratynlyklaryndan tapawutlanyp bilýän başlangyçda bulut üçin niýetlenen we düýbünden täze hyzmatlary teklip edýän täze amal programmalaryny döretmeklik üçin programmalary taýýarlaýanlar üçin PaaS (Hyzmat hökmündäki platforma) hyzmatyny ulanmaklyk amatly bolýar.   Hususy bulut, hususy bulut bolmaklygyny bes edip bilýär. Bir tarapdan hususy bulut, buludyň aşakdaky üstünliklerini berýär: täzeden guramaçylygyň çaltlygy, ölçeýjilik we täsirlilik, umumy bulutlara mahsus bolan käbir potansial we real howpsuzlyk howplaryndan goraýar. Beýleki tarapdan, wagtyň geçmegi bilen hyzmat etmekligiň derejesi, howpsuzlyk we dolandyryş, umumy bulut hyzmatlarynyň talaplaryň berjaý edilmegi gyşarnyksyz ýokarlanar. Şonuň üçin hem käbir hususy bulutlar, mümkin, bütinleýin umumy bulutlaryň kategoriýasyna geçer. Hususy buludyň köp serwisleri uly ähtimallyk bilen umumy bulut hyzmatlarynyň hem-de beýleki goşmaça serişdeleriň ulanylmagynyň hasabyna mümkin bolan mümkinçiliklerini giňeldip gibrid bulut serwislerine ewolýusiýa geçirer.Häzirki döwürde kabul edilip alnan bulut hasaplamalary tehnologiýalaryň ösmegi bilen geljekde aradan aýrylar diýen pikir bar.Gelejekde çaklamalara görä bulut programmalarynda diňe bir goýumçynyň infrastruktura we platforma elementleri däl-de, eýsem-de birnäçe goýumçydan ýygnalan hyzmatlar bilen utgaşdyrylar. Iň soňunda bulut hasaplamalary hemme konsepsiýasyna hyzmat hökmünde döremegi ähtimal (Everything as a Service). Hyzmatyň bu görnüşinde ulanyja hemme mümkinçilikler: programma apparat bölüminden başlap biznes proseslerine ýolbaşçylyk etmek, ulanyjylaryň arasyndaky arabaglanyşygy saklamak berler.

Maglumatlaryň uly göwrümlerini işläp taýýarlamak.

Häzirki wagtda dürli predmet giňişliklerde maglumatlary modelirleme üçin obýektleriň özara gatnaşygyny görkezmäge mümkinçilik berýän graflar giňden ulanylýar. Şol priloženiýalaryň maglumatlarynyň göwrüminiň hemişe ösmegi çykýan graflaryň derňewinde ýüze çykýan örän uly maglumatlary işläp taýýarlanylmagyna mümkinçilik berýän masştabirlenýän platformalary we binagärligiň parallel hasaplamalaryny ulanmak zerurlygyna getirýär. Maglumatlary dolandyrmak üçin maglumatlaryň belli bir böleginiň saklanýan ýerinde ýörite karta ulanylýar. Bitewiligi üpjün etmek üçin maglumatyň her bir bölegi birnäçe gezek ýatda saklanylýar. Maglumatlar bazasy standart gural we paýlanylan faýl ulgamynyň esasynda döredilýär, munuň esasynda düzgün bolşy ýaly açyk kodly programma üpjünçiligi ulanylýar. Maglumatlaryň çäkliligi şol bir serwerde maglumatlaryň ýerleşýän ýerinde olaryň işlenilmeginiň talaplaryny ýerine ýetirmegini talap edýär. Ol öz gezeginde ep-esli derejede maglumatlaryň geçirişi üçin çykdajylary azaldar. Maglumatlary tabşyryjy hökmünde mobil telefon aragatnaşygynyň operatorlary, sosial ulgamdaky maglumatlaryň agregatorlary, bölek söwda ulgamlary, hasaplaýjylaryň we beýleki görkezmeleriň awtomatiki hasabynyň kömegi bilen alnan maglumatlary tabşyryjylar çykyş edip bilerler. Şu hyzmatdaşlygyň çygrynda çözülip biljek soraglar: azyk we azyk önümlerinden başga harytlara sarp ediji bahalarynyň indeksleriniň operatiw hasaplaşygy üçin maglumat alma, ilatyň mobilligini we şäherde ulag ýol hereketini yzarlama, energo, ýylylyk we suw bilen üpjünçilik ulgamyna sagatlaýyn we döwürleýin sarp etmesini ýüze çykarma.

            Ýunus Çaryýew

 Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň

Senagat-tehnologiýa fakultetiniň

Mehanika we metallaryň tehnologiýasy

 kafedrasynyň  talyb

THE: dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriň sanawy-2022

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri