SIZDEN GELENLER

Sanly ykdysadyýet – ösüşlere badalga

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz-tagallalary netijesinde, ata Watanymyz Türkmenistan döwletimiz günsaýyn ösýär özgerýär. Ýurdumyzda ylym-bilimiň ösmegi üçin birnäçe işler alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly ýurdumyzda “Türkmenistanda  2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy”  tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýär.  2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy” kabul edildi. Bu konsepsiýanyň maksady  döwletiň belli işewürlik birleşikleriniň we raýat jemgyýetiniň gatnaşmagynda sanly ykdysadyýetiň netijeli ösdürilmegi üçin amatly guramaçylyk hem-de kadalaşdyryjy hukuk şertlerini döretmekden şeýle hem ählumumy sanly ulgamyň emele gelýän şertlerinde  milli ykdysadyýetiň serişdelerini dolandyrmagyň ulgamyny hem-de onuň düzümini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Sanly bilim portaly, elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan ylym-bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri öz içine alýar.

Konsepsiýanyň maksatlary:

Ählumumy emele gelýän şertlerinde ýurduň tehnologiýa babatynda öňdebaryjylygyny  üpjün etmekde;

Sanly ykdysadyýetiň ykdysady taýdan ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän ykdysady serişdeleriň täze netijeli düzümini emele getirmekde;

Ählumumy sanly giňişligiň emele gelýän we ösýän şertlerinde sanly ykdysadyýetiň gazananlaryny nazara almak bilen önümçilik pudaklarynyň we hyzmatlar ulgamynyň işini täzeçe guramagyň netijeli ugurlaryny emele getirmekde;

Bar bolan we täzeden döredilýän ykdysady serişdeleri dolandyrmagyň netijeli ulgamyny ornaşdyrmakda;

Sanly gurşawa ynam hem-de amatly guramaçylyk we kadalaşdyryjy hukuk şertlerini döretmek arkaly milli işewürlik birleşiklerini, şol sanda hususy bölegi we raýatlaryň sanly ykdysadyýeti emele getirmäge işjeň çekmek üçin şertleri döretmekden;

Durmuş hyzmatlarynyň düzümini we hilini kämilleşdirmekde şeýle-de telekeçilik we zähmet şertleri babatynda täze mümkinçilikleri döretmek bilen ilatyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmakda;

Sanly ykdysadyýetiň milli gurşawynyň howpsuzlygyny we ygtybarlygyny üpjün etmekden;

Ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiň ählumumy ekoulgamyny we sanly giňişligini döretmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekden;

Döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamlarynyň netijelerini ýokarlandyrmak;

Ýokary tehnologiki çözgütlere esaslanýan oýlap tapyşlar hem-de olaryň ornaşdyrylmagy bilen bagly synag meýdançalarynyň emele getirilmegine şert döretmekden ybaratdyr.

Şeýle hem  gysga wagtyň içinde döwletimiziň sanly ykdysadyýete geçmegi ýurdumyzda ylym-bilimiň, ykdysadyýetiň, senagatyň we beýleki pudaklarynyň ösmegine we kämilleşmegine getirer. Bu bolsa ýurdumyzyň uzak geljege nazarlaýan ösüşimiziň bardygyna güwä geçýär.

 

   Gülşirin Öwezowa,  

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika

Tozanyň adam bedenine ýetirýän täsiri

Şöhläniň adam bedenine ýetirýän zyýany

Şöhratly taryhymyzyň beýany