SIZDEN GELENLER

Sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri

Döwlet dolandyryşynyň netijeliligini artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron ulgamyny özleşdirmek, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meseleleri döwrüň möhüm talabydyr. Şu jähetden, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ylym, bilim we önümçilik aragatnaşyklary pugtalanýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar, inženerçilik-tehniki we beýleki zerur ugurlar boýunça okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär.

Sanly ulgamyň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň durnukly ösüşine uly itergi berýär. «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge, döwrebap ösüşi gazanmaga, jemgyýetde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň paýyny artdyrmaga, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, esasy önümçilik-ykdysady işleri awtomatlaşdyrmaga we merkezleşdirilen tertipde dolandyrmaga, şeýle hem halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Innowasion mümkinçilikleriň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmaga itergi berip, täze senagat kärhanalarynyň döredilmeginiň baş şerti bolup durýar. Innowasion kärhanalaryň döredilmegi içerki bazaryň şeýle önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak bilen birlikde, jemi içerki önümde innowasion önümleriň möçberleriniň artmagyna, netijede, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Hä­zir­ki wagt­da «Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny» dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hü­när­men­ler, pro­fes­sor-mu­gal­lym­lar, şeý­le-de ta­lyp ýaş­lar ta­ra­pyn­dan san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň tor prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi, onuň bin­ýa­dyn­da san­ly bi­lim por­tal­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. San­ly bi­lim por­ta­ly elekt­ron poç­ta, elekt­ron res­mi­na­ma, uzak ara­lyk­dan bi­lim al­mak, yl­my iş­ler, okat­ma­gyň elekt­ron se­riş­de­si, bäs­le­şik­ler, olim­pia­da­lar, mas­la­hat­lar, fo­rum­lar, okuw ki­tap­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry, söz­lük­ler ýa­ly bö­lüm­le­ri özün­de jem­le­ýär.

Bu­lar­dan baş­ga-da, bi­lim ojak­la­ryn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my­nyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy, ne­ti­je­sin­de ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry hem-de or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da, şeýle hem bi­lim ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk edil­ýän da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, ylym-bi­lim mer­kez­le­ri bi­len uzak ara­lyk­dan sa­pak­lar, wi­deo­şe­kil­li mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar.

San­ly bi­lim ul­ga­my­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy bi­len uzak ara­lyk­dan bi­lim al­mak gör­nü­şi­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge-de mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Oňa elekt­ron oku­wyň bir gör­nü­şi hök­mün­de ga­ra­mak müm­kin­dir.

Uzak ara­lyk­dan oku­wyň ýo­la go­ýul­ma­gy bi­len bi­lim iş­gär­le­ri­niň işi­niň hä­si­ýe­ti hem düýp­gö­ter üýt­ge­ýär. Şun­da bi­lim iş­gär­le­ri­niň esa­sy we­zi­pe­le­ri döw­re­bap elekt­ron okuw mag­lu­mat­la­ry­ny dö­ret­mek­den we ta­lyp­lar bi­len mas­la­hat­la­ry ge­çir­mek­den yba­rat bo­lup dur­ýar. Şeý­le­lik­de, okuw işi­niň tä­ze bir gör­nü­şi — san­ly okuw dö­re­ýär.

Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz türk­men ýaş­la­ry­nyň gu­jur-gaý­ra­ty­na, yh­la­sy­na, ba­şar­ny­gy­na uly ynam bil­dir­ýär. Hut şo­nuň üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ata-ba­ba­la­ry­my­zyň şöh­rat­ly ýo­lu­ny do­wam et­dir­mek­de, Wa­ta­ny­my­zyň bag­ty­ýar gel­je­gi­ni ber­ka­rar et­mek­de ýaş­la­ryň güý­jü­ne da­ýa­nyl­ýan­dy­gy­ny aý­ra­tyn nyg­ta­ýar. Ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik iş­ler hal­ky­my­zyň er­tir­le­ri­niň nu­ra­na we eş­ret­li bol­jak­dy­gy­na yna­my art­dyr­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň her bi­ri­mi­ziň ýü­re­gi­miz­de dö­red­ýän bu be­ýik yna­my bi­zi dur­muş­da, zäh­met­de, dö­re­di­ji­lik­de tä­ze üs­tün­lik­le­re we gal­ky­ny­şa ruh­lan­dyr­ýar.

Şamyrat Hudaýkulyýew,

Türkmenistanyň Serhet institutynyň kafedra müdiri. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri