ATAWATAN ESERLERİ

Sanly ulgamyň çäksiz mümkinçilikleri

Sanly ulgam biziň gündelik durmuşymyza düýpli ornaşyp başlady. Ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleriň ählisi diýen ýaly sanly ulgamyň hasabyna amala aşyrylýar. Biziň ýurdumyz Halkara internet toruna giňden aralaşyp, sanly ulgamyň çäksiz mümkinçiliklerinden ýerlikli hem – de netijeli peýdalanmagyna giň gerim berildi.  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary  netijesinde,  milli  ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa  ýoly  bilen  ösdürmek  we ilatyň  ýaşaýyş – durmuş  şertlerini  has – da ýokarlandyrmak  boýunça  netijeli  işler  alnyp barylýar. Muňa döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen Diýarymyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň ykdysady  kuwwatyny  we  senagat  mümkinçiliklerini  artdyrmak  boýunça  amala aşyrylýan ägirt uly işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýeti üstünlikli ösýär, täze pudaklar döreýär we bar bolanlary  döwrebaplaşdyrylýar

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan başlanan sanlylaşdyrma  düşünjesi,  umuman  alanyňda, internet söwdasyny ösdürmäge, şeýle – de ýerli öndürijileriň  bäsdeşlige  ukyplylygyny ýokarlandyrmaga  gönükdirilen  giňişleýin  çäreleriň  giň  toplumyny  durmuşa  geçirmegi  öz içine alýar. Şeýlelikde, içerki söwda pudagyny sanlylaşdyrmak  pudagynda  iki  esasy  ugry  tapawutlandyryp bolar : häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ulanmak hem – de müşderileri çuňňur seljermek.

Sanly tehnologiýalar geljegi uly hyzmatlar bazarlarynyň ösmegini, hyzmatlaryň dürli görnüşleriniň üpjün edilmegini hem – de netijeliliginiň artdyrylmagyny şertlendirýär. Türkmenistanda bu ugry sanly ulgama geçirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Sanlylaşdyrmak türkmen telekeçileri üçin hem uly mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzda sanly ulgam boýunça işleýän hususyýetçileriň sany hem barha köpelýär. “ IT – Park ” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, “ Sanly ulgam ”, “ Türkmen – tranzit ”, “ Sanly tehnologiýa merkezi ”, “ Imdat Elektronik ” hususy kärhanasy ýaly hususy pudagyň wekilleriniň bu ugurda toplan tejribesi işewürligiň innowasion esasda ösdürilmegine giň mümkünçilikleri döredýär.

Sanly özgerişlik diňe döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, döwrebap enjamlaryň we programma üpjünçiliginiň, maglumat serişdeleriniň netijeli ulanylmagyny däl – de, eýsem, dolandyrmaga çemeleşmelerde düýpli özgertmeleri göz öňünde tutýar, bu bolsa kärhanalary ösdürmegiň innowasion usullaryna tarap ýol açýar.

2017 – nji ýylyň 15 – nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz “ Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny ” tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.

Konsepsiýanyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi netijesinde dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň ýaşaýan we okaýan ýerine garamazdan, Halkara standartlarynyň häzirki zaman talaplarynyň derejesinde ýokary hilli bilim almak üçin giň mümkinçilik dörediler we sanly ulgama uýgunlaşan ösen şahsyýet kemala geler. Bilim dolandyryş edaralarynyň ählisiniň ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilmegi ýokary bilimli hünärmenleriň kemala gelmegine we täze innowasion tehnplogiýalaryň oýlanyp tapylmagyna giň mümkinçilik döreder. “ Bulutlaýyn ” tehnologiýalaryň ulanylmagynda ýurdumyzda bitewi sanly maglumat – bilim ulgamy dörediler hem – de uzak aralykdan bilim almak we okatmak mümkinçiligi giň ösüşe eýe bolar.

Sanlylaşdyrmak – milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwür bolup durýar. Sanly ykdysadyýet – häzirki zaman dünýäsinde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleriniň biridir.

2018 – nji ýylyň 30 – njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz “ Türkmenistanda 2019 – 2025 – nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak ” hakynda Karara gol çekdi. “ Türkmenistanda 2019 – 2025 – nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň ” kabul edilmegi ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň kanunçylyk esaslaryny döretmek we ony häzirki bazar gatnaşyklarynyň talaplaryna laýyk getirmek derwaýyslygyny ýüze çykardy.

    Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksatnamasy bir tarapdan, elektron senagatynyň depginli ösdürilmegini talap edýär. Beýleki tarapdan, ykdysadyýetiň mundan beýläk – de sanlylaşdyrylmagynyň artykmaçlyklary bilen bir hatarda, sanly tehnologiýalara bolan aşa baglylygyň netijesinde, maglumatlary gorap saklamakda kiberhowpuň artmagy belli bir derejede töwekgelçilikleriň  ýüze çykmagyna getirýär. Şol sebäpli sanly tehnologiýalaryň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek esasy mesele bolmagynda galýar. Sanly ykdysadyýet ulgamy − bu diňe internet arkaly söwda ulgamy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, saglygy goraýyş, bilim, bank ulgamlary ýaly ençeme pudaklarda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy diýmekdir. Bu ugur arkaly halk hojalygynyň işleriniň hereketliligi ýokarlanyp, özara gatnaşyklar ýygjamlaşar.

Sanly ulgam bilen bir hatarda, interaktiw we multimediýa häzirki habar beriş serişdeleriniň esaslyk binýady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, gazetleriň hem–de žurnallaryň saýtlarynyň, beýleki web serişdeleriň döredilmeginiň ähmiýeti uludyr. Gazetleriň we žurnallaryň sanly görnüşe geçirilmegi neşirýatyň maliýe çykdajylarynyň azalmagyna ýardam berýär. Türkmen habar beriş serişdeleriniň Internet giňişligini gurşap almagy okyjylar üçin amatlylygy döretmek bilen bir hatarda, Halkara bileleşigiň biziň ýurdumyz we onuň gazananlary baradaky bilim derejesini artdyrýar. Habarlar we tematiki materiallar saýtlaryň okyjylaryna diňe hat görnüşinde däl – de, eýsem, audio hem – de wideo görnüşlerinde – de hödürlenýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmagyň içerki maglumat bazarynda bäsdeşligi artdyrar we olaryň dünýä media bazaryna çykmagyna şert döretýär. Sanlylaşdyrmak işiniň esasy netijesi – onuň köp derejeliligi we giň gerimi bolup durýar.

Ulag – aragatnaşyk ulgamy babatda raýatlar, ýolagçylar uçar hem–de demir ýol peteklerini elektron görnüşde alyp bilýärler. Bu ýagdaý ýolagçylaryň petek almak üçin ýol söküp, demir ýol we howa gatnawlary gulluklaryna gitmegine zerurlygy aradan aýyryp, olaryň wagtyny tygşytlamagyna giň mümkinçilik döretdi.

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.

 

Koreýa Respublikasy 2021: Abraýly ýokary okuw mekdepleri

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri