Şu gün Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde taryhda ilkinji täze sanly Olimpiýa oýunlary başlaýar. Bu halkara ýaryşa Türkmenistanyň ýygyndysy hem gatnaşýar.
“Geljegiň oýunlary” köpugurly sport ýaryşy – sport hem-de ylym we tehnologiýanyň özara sazlaşygyny emele getirýän iri sport wakasydyr.
bu köpugurly oýunlara 100-den gowrak döwletden 270 topar gatnaşýar. Ýaryşyň baýrak gazanasy 10 million dollar. Ähli baýrakly orunlar 5 kategoriýada – sport, usulyýet, strategiýa, tehnologiýa we tizlik babatda 21 ugur boýunça geçiriler.
Türkmenistanyň ýygyndysy 15 türgenden (14 talyp we 1 mugallym) ybarat bolup, olar Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplaryndan düzüldi. Türkmen talyplar fijital-futbol we fijital-basketbol oýunlaryna gatnaşarlar.

Türkmen wekiliýeti Kazanyň halkara howa menzilinde ýaryşyň meýletinçileri tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy.
“Geljegiň oýunlary” 9 sany dürli meýdançada geçirilip, ýaryşyň esasy geçirilýän desgasy “Kazan Ekspo” sergiler toplumy bolar. Bu ýerde oýunlaryň açylyş we ýapylyş dabaralary geçiriler, şeýle hem sportuň birnäçe görnüşlerinden ýaryşlar gurnalar.

Ýaryşyň ýapylyş dabarasynda 2-nji “Geljegiň oýunlary” sport bäsleşigini kabul etjek ýurt hem yglan ediler. Bu ýaryşy kabul etmäge usleg bildirýän esasy ýurtlaryň biri hem Hytaýdyr.
“Geljegiň oýunlary” sport bäsleşigi 3-nji marta çenli dowam eder.
