Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda innowasion çemeleşmelere, sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagatyň döredilmegine, pudaklaryň işine we önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. XXI asyrda sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza işjeň ornaşdyrylmagy uly mümkinçilikleri açyp, işleriň ýeňilleşmegini üpjün edýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Innowasion kärhanalaryň döredilmegi diňe bir içerki bazaryň isleglerini kanagatlandyrman, eýsem, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna hem ýardam berýär. Şeýle-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda döredilen kärhanalaryň sanynyň artmagy täze iş orunlarynyň döredilmegine, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesiniň has-da gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmelere laýyklykda, ylym-bilimiň arasynda baglanyşygy pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Munuň üçin, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar, inžener-tehniki, tehnologiýalar we beýleki zerur ugurlar boýunça okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär.
Sanly bilim ulgamynyň çäginde bilim ojaklarynyň arasynda guralýan teleköpri arkaly geçirilýän okuwlara aýratyn ornuň degişlidigini bellemek gerek. Ylym-bilim ojaklarynyň kitaphanalarynyň sanly ulgamy arkaly baglanyşdyrylmagyny gazanmak ýurdumyzyň kitap goruny ulanyjylara giňden elýeterli etmäge oňyn täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryna täze innowasion we şol sanda sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna geçmek, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti, sazlaşykly işleýän elektron senagatyny döretmek, sanly aragatnaşyk babatynda şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak ýaly wezipeler orta çykýar.
Hormatly Prezidentimiz dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň zerurdygyny belleýär. Eziz Watanymyzda sanly bilimiň häzirki zaman tehniki serişdeleriniň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda ýaş hünärmenleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.
Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginde ilkinji ugurlaryň hatarynda ýurduň tutuş ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly býujet serişdelerine takyk gözegçilik etmek hem-de olary dolandyrmak üçin şertleri üpjün edýän maliýe maglumatyny dolandyrmagyň döwlet ulgamynyň döredilmegi derwaýys meseleleriň hatarynda durýar. Onuň esasy maksady has köp zähmeti talap edýän işleri awtomatlaşdyryp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini we dessinligini artdyrmakdan, býujeti taýýarlamak, ýerine ýetirmek hem hasabatlylygy düzmek işine gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenýän maglumatlaryň netijeliligini, dürslügini, takyklygyny üpjün etmekden we şunuň netijesinde hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Innowasion ösüşleriň eýýamy bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sanly ykdysadyýetiň binýadynyň berkemegi ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Narsoltan Jumakowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň
Kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi hünäriniň 1-nji ýyl talyby.