Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hem-de bilim berlişiniň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berlip, bu ugurda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlar hakynda döwletimiz tarapyndan uly aladalaryň edilýändigine bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler aýdyň güwä geçýär.
Ýaş nesliň täze tehnologiýalary düýpli özleşdirmegi, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini aýratyn bellemek gerek. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» we «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde häzirki wagtda eziz Diýarymyzda alnyp barylýan işleriň oňyn netijelerini berýändigini görmek bolar.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde uzak aralykdan bilim almagy, ylmy işleri, olimpiadalary, dürli ders bäsleşiklerini guramagyň tärlerini, elektron kitaplaryň baý goruny, okatmagyň elektron serişdelerini, forumlary öz içine alýan sanly bilim portallary döredilýär we kämilleşdirilýär.
Häzirki döwürde bilimiň hilini ýokarlandyrmakda täze talaplar bildirilýär. Bilim edaralaryny döwrüň talaplaryna we häzirki zaman ülňülerine laýyk derejede kämilleşdirmek, täze sapaklary, aýratyn-da, sanly ulgam bilen baglanyşykly sapaklary girizmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň ýokary hilli bilim almagy, ukyp-zehinlerini ýüze çykarmaklary, birnäçe daşary ýurt dillerini gowy özleşdirmekleri üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň we ony 2018—2024-nji ýyllarda durmuşa ornaşdyrmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi bu ugurda täze özgertmelere badalga berdi.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan orta mekdepleriň sanly dolandyryş ulgamy bolan «E-mekdep» ulgamynyň işläp başlamagy ulgama döwrebap özgertmeleriň ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Bu ulgam bilen okuwçynyň gündeliginiň elektron görnüşini görüp bolýar. Onda okuwçynyň alan bahasy, okuw sapaklaryna bolan gatnaşygy, okuw sapaklarynyň rejesi, öwrenen temalary, öý işleri, mugallymyň bellikleri we berlen ýumuşlar barada onlaýn usulynda maglumat berilýär. «E-mekdep» ulgamy ata-enelere çagalarynyň okuwyna netijeli gözegçilik etmek, olaryň bilimine goldaw bermek üçin peýdaly usuldyr.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda Robototehnika bilim merkezi işläp başlady. Ýurdumyzda soňky ýyllarda öwrenilip başlanan bu ugur milli bilim ulgamynda ileri tutulýan hünär bilimine öwrülýär. Ol ýaşlaryň dünýägaraýşynyň giňelmegine, innowasion tehnologik ukyp-başarnyklarynyň kämilleşmegine ýardam edýär.
Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara bilim giňişliginde abraýly derejelere eýe bolmaklary buýsandyryjy ýagdaýdyr. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň meşhur reýtingleriniň sanawynda orunlary yzygiderli eýeläp, uniwersitetleriň dürli ugurlar boýunça netijeliligini ýüze çykarýarlar.
Häzirki zaman dünýäsinde bilim ösüşiň esasyny düzýär we bäsdeşligiň çeşmesi bolup durýar. Täze bilimleri döretmäge, olary guramaçylykda, dolandyrmakda, täze tehnologiýalardyr önümleri döretmekde ulanmaga ukyply ýurtlar, sebitler, edara-kärhanalar öňdäki orunlary eýeleýär. Elbetde, bilimi ösdürijiler we hereketlendirijiler bolup zehinli ýaşlar çykyş edýärler. Şu nukdaýnazardan, çalt ösüp-özgerýän dünýäde adam maýasyny, zehinli işgärleriň mümkinçiliklerini amatly dolandyrmagyň strategik ähmiýeti bardyr. Innowasiýalary döretmäge ukyply zehinli ýaşlar ösüşiň we üstünligiň esasy çeşmesidir, bäsdeşlikde düýpli artykmaçlykdyr. Zehinli ýaşlar dünýäniň ähli ýerinde hemmelere gerek. Türkmenistanda hem bu meseläni oňyn çözmek ýurdumyzyň toplumlaýyn ösüşiniň esasyny düzýär.
Ylmyň inženerçilik, tehnologiýalar, innowasiýalar ugurlary hünärmenden tebigatyň kanunlaryndan baş çykaryp, biliminiň köptaraplaýyn, dünýägaraýşynyň giň bolmagyny, ulgamlaýyn pikirlenmäni, täzeçe netije çykarmany we adaty däl çözgütleri kabul etmäni başarmagyny talap edýär. Şol sebäpden olary çagalykdan bu ugurlara gönükdirmek hem-de taýýarlamak zerur bolup durýar.
Täzelenişiň we döredijiligiň çeşmesi hasaplanýan bilim babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu günki we geljekki nesillerimiziň bagtyýar durmuşy ugrunda öňe sürýän beýik başlangyçlaryna eýermek mukaddes borjumyzdyr. Biziň her birimiz ata Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin zähmet çekmegi, okamagy, gurmagy, döretmegi başarmalydyrys. Bu bolsa abadançylygyň, gülläp ösmegiň, nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagynyň badalgasydyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli döwletli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Jennet Berdimyradowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.