Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürip, sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen önümçilige innowasion işläp taýýarlamalar giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda düýpli ösüşleriň gazanylmagyna giň şertleri döredýär.
Sanly ulgam hojalyk hem-de dolandyryş işlerini kämilleşdirmekde has ähmiýetli bolup, ykdysadyýetiň gülläp ösmegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, döwrüň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalarynyň durmuşymyza işjeň ornaşdyrylmagynyň netijesinde, işewür hyzmatdaşlygyň gerimi has giňeýär.
Muny biz durmuşymyzyň ähli ugurlaryna, şol sanda milli ykdysadyýetimize sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýan häzirki döwründe eýe bolunýan üstünlikleriň mysalynda görýäris. Döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasiýalaryň doly ornaşdyrylmagy, sanly ulgama geçilmegi bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha pugtalanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Bu bolsa döwrüň esasy talabydyr, biziň her birimiziň baş maksadymyzdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli gymmatlyklaryna, asylly ýörelgelerine esaslanyp, häzirki zaman dünýä ölçeglerine laýyklykda toplumlaýyn ösdürilýär. Professor-mugallymlaryň hünär derejesi barha kämilleşdirilýär, okatmagyň döwrebap, has netijeli usullary ornaşdyrylýar. Şonuň bilen birlikde, dünýäniň dürli döwletleri hem-de esasy ylym-bilim merkezleri bilen ýurdumyzyň bilim edaralarynyň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek, şol sanda sanly tehnoligiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleri ýetişdirmek maksadyndan ugur alýar. Bu maksatlarda ýurdumyzyň ýokary bilim ojaklarynda okatmagyň täze, sanly usullary giňden ornaşdyrylýar. Sanly tehnologiýalaryň ösmegi sebäpli bilim bermegiň şertleri hem üýtgeýär.
Bilim ulgamynyň her bir basgançagynda sanly bilim tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny ösdürmegiň häzirki zaman çemeleşmelerine, şeýle hem bu ugurda amala aşyrylýan işleriň milli tejribä hem halkara standartlaryna laýyklygyny kesgitleýän «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hem-de milli bilim standartlarynyň talaplaryna görä, ýurdumyzyň bilim ojaklarynda halkara taslamalaryň çäklerinde E-learning okuw merkezleri döredildi, okatmagyň sanly usuly ornaşdyryldy.
Bilimi sanlylaşdyrmagyň düýp manysy, netijä gönükdirilen we şahsylaşdyrylan okuw işine geçmek üçin häzirki zaman tehnologiýalaryny netijeli ulanmakdan ybaratdyr. Bilimde sanlylaşdyrma diňe bir täze tehnologiýalar, giň maglumat mümkinçiligi ýaly özgertmeler bilen utgaşman, eýsem mugallymdyr talyplar üçin täze şertleri döredýär. Talyplar üçin täze bilim ugurlaryny gurmak, iň döwrebap bilim çeşmelerinden peýdalanmak mümkinçiligi döreýär.
Umuman, bagtyýar zamanamyzda ýaşlaryň ylym-bilim öwrenip, hünärli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ylmy ösdürmek, ýaşlaryň ylym-bilimden kemally bolmagyny üpjün etmek, umumybilim berýän orta mekdeplerde okuwçylara ilkinji zähmet endiklerini öwretmek babatynda uly işler amala aşyrylýar. Mähriban Diýarymyzda gurulýan täze bilim edaralary, mekdepdir çagalar baglary döwrebap okuw gollanmalar, esbaplar bilen üpjünleşdirilýär. Ýaşlara bilim bermekde okatmagyň täze usullary, halkara tejribesi ornaşdyrylýar. Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bilen, ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny baýlaşdy, hili ýokarlandy.
Röwşen Sapargulyýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
“Fizika we elektrotehnika” kafedrasynyň mugallymy.