Soňky ýyllarda biziň ýurdymyzda sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrmak we elektron hyzmatlary ulanmagyň gerimini giňeltmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Bütin dünýäde bolşy ýaly, güneşli ýurdumyzda hem döwrebap tilsimatlardan we tehnologiýalardan ýerlikli peýdalanmak, şeýle hem onuň mümkinçiliklerini ykdysady kuwwatymyzy artdyrmaga gönükdirmek şu günüň gaýragoýulmasyz meseleleridir. Şeýlelikde, ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli ugurlaryny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işleri ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, pudaklaryň işini döwrebaplaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir.
Şunuň esasynda hem, häzirki wagtda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen has-da ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, milli Liderimiz tarapyndan tassyklanan “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny” amala aşyrmaga girişildi. Bu resminama 7 bölümi öz içine alyp, olarda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ulgamy, konsepsiýanyň maksatlary we wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary hem-de gurallary, garaşylýan netijeler öz beýanyny tapdy. Konsepsiýany işläp taýýarlamaga Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Tehnologiýalar merkezi gatnaşdy, ol ýurdumyzyň ylmy-tehniki mümkinçiliklerini yzygiderli kämilleşdirmek üçin döredildi.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, islendik ýurduň ösüşi, ozaly bilen, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Onda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak degişli ugurda esasy ýagdaýlar bolup, ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gös-göni baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmek hakyndaky” Konsepsiýa kabul edildi. Bu Konsepsiýanyň esasy maksady elektron görnüşdäki, ýagny, sanly maglumatlary öwrenijiler köpçüligine ýetirmek, sapaklara degişli maglumat dolanşygyny kämilleşdirmek we bilim pudagynda sanly bilimi ösdürmekden ybaratdyr. Şeýle hem, Konsepsiýa maglumatly bilim gurşawyny döretmäge hem-de bilimi ösdürmegiň ähli tapgyrlarynda, ony okatmagyň elektron serişdeleri bilen üpjün etmäge, jemgyýetiň intellektual kuwwatyny baýlaşdyrmaga, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmaga we usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Konsepsiýanyň derwaýyslylygy we innowasion häsiýetliligi pedagoglaryň hünär kämilleşdirmesiniň ýa-da okatmagyň adaty şowly usullary we tehnologiýalary bilen öň mümkin bolmadyk wirtual bilim giňişliginiň integrasiýasynda jemlenendir. Wirtual bilim giňişligi, munuň özi, okatmagyň subýektleriniň we ähli gatnaşyjylaryň bilim maksatlary üçin döredilýän we ulanylýan lokal, korporatiw we global kompýuter torlarynyň jemidir. Wirtual bilim giňişligi okuw prosesiniň ähli gatnaşyjylarynyň netijeli aragatnaşygyny üpjün etmek üçin döredilýär we ösdürilýär. Şeýle hem, mugallymlaryň, kompýuterleriň, tor administratorlarynyň we bilim obýektleriniň aragatnaşygy bolmazdan bu bilim giňişliginiň hereket etmegi mümkin däldir.
Sanly bilim ulgamy – munuň özi diňe bir ylym adamlarynyň däl, eýsem, tutuş ynsanyýetiniň ýaşaýyş-durmuşynyň ýeňilleşmegidir. Sanly bilim ulgamy özünde elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan ylym-bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary we sözlükler ýaly bölümleri jemleýär.
Sanly bilim ulgamyny döretmek we ösdürmek üçin onuň tehniki we programma üpjünçiliginiň berjaý edilmegi zerurdyr. Munuň üçin, ilki bilen tor ulgamy döredilýär we ulgama serwer birikdirilmegi arkaly amala aşyrylýar. Ulgamda elektron görnüşli maglumatlar, ýagny, sapaklaryň ýazgylary, sowalnamalar, okuw kitaplary, gollanmalar, wideo ýazgylar, prezentasiýalar we suratlar ýerleşdirilýär. Serwerde gurnalan degişli operasion ulgam we programma üpjünçilikler arkaly sanly bilim portalynyň üsti bilen maglumatlar ulanyjylar köpçüligine ýetirilýär.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde, ilkinji nobatda, bilim dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmaga hem möhüm orun degişlidir. Bu ugurda maglumatlaşdyrmagyň aýratyn ýörelgesi hökmünde bilim işine gatnaşyjylaryň ählisine, ilkinji nobatda, okaýanlara we bilim alýanlara elektron bilim hyzmatlarynyň berilmegi maksat edinilýär. Zerur bolan elektron hyzmatlaryň (elektron žurnal, elektron gündelik, elektron ýazgy we beýlekiler) ýola goýulýar.
Mundan başga-da, sanly bilimi ulgamyny ösdürmekde berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim alýan ýaşlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmagynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, talyplaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi uly ähmiýete eýedir. Muny durmuşa geçirmek üçin, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy. Bilim ojaklarymyzda sanly bilim portaly we e-kitaphana portallary hereket edip, islendik ýokary okuw mekdebinde okaýan talyplaryň bilimlerini kämilleşdirmäge uly goşant goşýar. Bulardan başga-da, bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, şeýle-de ylym-bilim merkezleri arasynda uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Bu ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde alnyp barylýan ylym-bilim, terbiýeçilik, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýandygynyň aýdyň mysalydyr.
Ýokary bilimiň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalar esasynda sanly nesile uýgunlaşdyrylmagy XXI asyryň ýokary hilli bilim ulgamynda mugallymlaryň we talyplaryň mugallymçylyk, okuw we derňew tejribesini ýokarlandyrmakda
Döwrebap ylym-bilimler halkara ykdysady, medeni, tehnologik giňişlige goşulmak bilen, netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň möhüm şerti bolup durýar. Hut şonuň üçin hem, mähriban Arkadagymyz sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak arkaly ata Watanymyzyň ösüşlerini has-da artdyrmagy we ýaş nesliň kämil bilim almagyny gazanmak maksadyny wezipe edip goýdy. Munuň özi günbe-günden dabarasy belende galýan eziz Diýarymyzyň geljekki ösüşlerini kepillendirýär.
Sanly ulgamy ornaşdyryp, ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Gurbanjemal EGIRJÄÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Maşgala gatnaşyklary bilen baglanşykly peýdaly maglumatlar