SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sanjym bol, pul baýragyňy al!

Käbir ýurtlarda koronawirus ýokanjyna garşy sanjym bolmagy höweslendiurmek maksady bilen hem dürli çäreler geçirilýär. Ine, şeýle wakalaryň biri hem ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda bolup geçdi. Adamlary sanjyma höweslendirmek maksady bilen 116,5 million dollar pul serişdeleri gönükdiriler.

Kaliforniýanyň gubernatory Gawin Newsom metbugat wekillerine beren beýanatynda 20 milliondan gowrak adamyň sanjym bolandygyny belläp, sanjymlary çaltlaşdyrmak üçin 4-nji iýundan baölap, sanjym bolanlara pul baýraklaryny berjekdiklerini habar berdi.

Newsom bu babatda 10 adam 1,5 million dollar, 30 adam 50 müň dollar, 2 million adama bolsa 50 dolardan pul baýragy taýýar edilendigini belledi.

Şeýle hem ABŞ-nyň Ogaýo we Nýu-Ýork ýaly ştatlarynda hem adamlary sanjyma höweslendirmek üçin dürli çäreler geçirilýär.

Koronawirusa garşy göreşiň çäginde sanjymy höweslendirmek üçin Ogaýo ştatynda lotereýa geçirildi. Ştat boýunça 5 adama 1 million dollar sylag beriljekdigi mälim edildi. ABŞ-nyň Ogaýo ştatynda “sanjym lotereýasy” ýaşaýjylarda uly gyzyklanma döretdi.

 

Gazagystanda haçan örtük dakynmak ýatyrylar?

Ýene-de okaň

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy