Belarus Respublikasynda dowam edýän GDA ýurtlarynyň II oýunlarynda türkmen ýygyndysynyň türgenleri ýedinji medalyny gazanmagy başardylar.
Agyr atletika boýunça 87 kilogramdan ýokary agram derejesinde geçen ýaryşda türkmenistanly türgen Sangiza Bahtyýarowa bürünç medalyň eýesi boldy. Ştangany silterläp galdyrmakda 86 kilogram agyrlygy boýun egdiren ildeşimiz itekläp götermekde 110 kilogram netije görkezdi. Şeýlelikde, Sangiza iki görnüşiň jemi boýunça galdyran 196 kilogramlyk netijesi bilen ýaryşyň bürünç medalyny gazandy.
Şu ýaryşda altyn medala özbegistanly Tursunoý Jabborowa mynasyp boldy. Onuň umumy netijesi 240 kilograma (110+130) barabar boldy. Kümüş medala bolsa 205 kg (90+115) agyrlygy galdyrmagyň hötdesinden gelen belarusly Margarita Leşçanka eýe çykdy.
Häzire çenli GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň medallaryna türkmen agyr atletikaçylarynyň ikisi eýe çykmagy başarypdylar. Sangizanyň üstünligi sportuň şu görnüşinden türkmen ýygyndysynyň gazanan üçünji medalydyr. Ýene üç medaly dzudoçylarymyz eýeledi. Mundan başga-da, şu gün türkmen mergeni Ezizmuhammet Sähedow ýaý atmak boýunça ýaryşyň bürünç medalyny boýnuna deňemegi başardy.
