Ata Watan Ylhamy

Saňa:Sapa Hommadow

SAŇA

Uçradym söýgiňe — ýitdi özlügim,
Çyndan duýdum söýülmänem, söýmänem.
Gelip, dolduň ähli ýetmezligimi,
Asyl ýaşap bolýan eken köýmänem.

Indi has süýjedi ömrüň tagamy,
Aýdymlary has üýtgeşik serçeleň.
Göwnüme itleriň üýrüşem ajap,
Göwnüme hol kaktuslaram — ter çemen.

Söýýän çogly Güni, söýýän buludy,
Ýagşyny, ýamany söýýän gyradeň.
Dünýäde milliardlap adam ýaşaýar,
A meň üçin olaň sany bire deň.

Gijeler gündiz deý ýap-ýagty indi,
Gündizler gije deý eredip barýar.
Seň söýgiň gussaly Sapaň içinde
Başga bir Sapany döredip barýar.

Güýzüň duýgularyn duýgulam bilen
Bezeýän bolanja yhlasym bilen.
Bir uly YKBALY dünýä getirsin,
Ykbalyň birleşip ykbalym bilen.

Sözüm söz, melegim, artykmaçlygyň
Kemçiligiň bilen bolar gyradeň.
Çünki sen iki däl, on däl, ýüz-müň däl,
Meniň üçin tapylgysyz BIRE deň!

“BARSAŇ, “DÖWRAN ÖTDI ” DIÝGIL DAGLARA”

“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”
(“Görogly” eposyndan)

Köňlümden syzylyp çykan, eý, goşgym,
“Barsaň, “döwran ötdi” diýgil daglara.”
“Örtedi, örtendi, emma ki yşkyn
Başyna täç etdi” diýgil daglara.

“Özün aýamady, çekdi ah baryn,
Diňe maňa diýip bildi ahwalyn,
Arzuwy gezmekdi arşy, asmany,
Onsam çüte bitdi” diýgil daglara.

“Deňizde gulaçlap, ýeňip tolkuny,
Ýaşajakdy yşkdan ýasap ýelkeni.
Zer kimin lowurdap, seçip ýalkymy
gezjek ýanar o:tdy…” diýgil daglara.

“Ýellere harpyk deý sowruldy” diý sen,
“Söýgüde armanly gowruldy” diý sen,
“Maksady ullakan oglandy” diý sen,
“Şatlyk hem hesretdi” diýgil daglara.

“Aý kimin arzyly, Gün deý ýagtydy,
Arzuwçyldy… Hyýallary tagtydy,
Behişti gözeliň duşjak bagtydy,
Bagtydy…
Bagtdy!” diýgil daglara.

*     *     *

Dalanyp, talanyp, hiç zat galmady
Ugruňda gan öýen juwan jigerde.
Dowzahlyk hökümim çykandyr birçak,
Seni söýmek günä bolsa eger-de.

Ýandyrsaňam, bagtyň meni köşeşdi:r,
Goý, bolmasaň-bolmanlar geç ýazgydym!
Men är kimin kabul edip bilerin
Ykbalymyň sen hakdaky çözgüdin.

Ýöne ýürek gaýta-gaýta “sen” diýýär
(Wah, görgüsiýaman jepa-jebirde).
Jennetlik hökümim çykandyr birçak,
Seni söýmek sogap bolsa eger-de.

ÝÜREGE ÝÜZLENME

Menzilimiz — ynam, umyt, bakylyk,
Ýeň bermek bolmaýar, ýetmeli pellä.
Çünki ak ertirler berdi çakylyk,
Sagymyz, solumyz, ýolumyz del däl.

Duşýan şowsuzlyklaň bereli merkin,
Ýolumyzdan ürküzmesin zenzele.
Gowşama, ýüregim, gowşatma erkiň,
Biz ir-u-giç ýeteris şol menzile.

Haýyrdan, zyýandan paýymyz ýetik,
Şujagaz ömürem köp zat öwretdi.
Täze ýara alyp, könämiz bitip,
Durmuş bizi ýara bilen höwür etdi.

Ýat boldy ýakynlar, dost boldy ýatlar,
Kösenip öwrendik ýaşamagy biz.
Ykbaly ýyladýar gursagy otlar,
Gursagy köz edip ýaşamaly biz.

Söýgi bilen gazanylýar bakylyk,
Ýöne olam mümkin diňe seň bile.
Şonuň üçin düzüw Päli şa kylyp,
Gel, howlukman, ýeteli şol menzile.

AÝRALYK GOŞGUSY

Huşumdan syrylyp, ýitip gitdiň sen,
Düýşde görsem, depäm gögi elleýär.
Seniň gözlegiňe şaýlanan ruhum
Bedenime wagty bilen gelmeýär.

Demiň demýeterde bolsady käşgä,
Eliň elýeterde bolsady… Arman…
Dem däl, el däl, sesimiň hem ýetmejek
ýerlerinde gezip ýörsüň, dilberim,
Ruhumyň garaşýan ýerine barman.

Asmany özüme syrdaş tutundym,
Zeminden tapmamsoň göwünlik berjek.
Ýa yşkymy nesýe hasap etdiňmi?
Gel ahyr, söýgimi ömürlik berjek!

Men saňa şeýle bir düşünjek boldum,
Agtardym ýoluny ýüregňe girmäň.
Saňa duşup bolar öýden ýerlemde
Hatiko deý her gün garaşdym irmän.

Emma sen geleňok, tersmikä bir zat…
(“Ýa demrinden boldy, ýa-da kömründen”)
Goý, bu söýgim ömrüm bilen bäs etsin,
Ýöne ömri uzak bolsun ömrümden.

IKIMIZIŇ ARAMYZDA

Sary sähra dymyp otyr
Ikimiziň aramyzda.
Dogum bizsiz oňup otyr
Ikimiziň aramyzda.

Ýer aýlanýar (okuna güýç!..),
(Ýaryl, ýürek!
Ornuňdan süýş!)
Düýnler ýatyr, görýändir düýş
Ikimiziň aramyzda.

Günler — çaman, ömür — ýyndam,
Paýhas — çaman, göwün — ýyndam,
Geçip ýadamaz bu ýyllar
Ikimiziň aramyzda.

Syýa reňkli gamlar artar,
Gije geçer, daňlar atar,
Söýgi ölmez — iňlär ýatar
Ikimiziň aramyzda…

BU GIJE…

Bu gije gussa kän kalby gemirýän,
Tebigat dem alýar agyr hem tukat.
Ýyldyzlar birsyhly süýnýär asmanda,
Şemallar ses edip gidýärler uka.

Köpýyllyk hassa deý tutuksy asman,
Aýylganç dymyşlyk ýöredýär hökmün.
Oýunçylja guşlar näme,
Şolaňam
bu gün göwünleri birgeňsi çökgün.

Dagyň agraslygy artana meňzeş,
Boýny buruk çüw-ýalaňaç baglaňam.
…Menem gidip barýan çola köçeden —
Iň bir näzik duýgulary talanan.

Hyýallarym uçup ýörler düýnde,
Ahmyr bilen penjeleýän saçymy.
Öz-özüme ezýet berip — kötekläp,
Sowatmaga meýil edýän içimi.

Bu gije duýgulam şam boldy gussa,
Bu gije ýüregim boşatdy için.
Käbir zatlar pida etdi özüni
Käbir zatlar üçin…

ÖZ-ÖZÜM

Hossa bolsa gussa her hal her ýanda,
Öz böwrümi özüm gyjyklaýan men.
Sähel sebäp tapsam, ylgap barýan-da,
Öz-özümi garsa gujaklaýan men.

Hol görünýän daglar meniň armanym,
Düýnler — salgym, olar yza çagyrýar.
Gorky diýip hasaplamaň barmanym,
Gitsem, geljegime nebsim agyrýar…

Ak alkym säherleň sowuklaç mähri
Içimden ýylylyk gözleýän ýaly.
Gije düşse, gündiz syrlaşan şährim
Menden bir zatlary gizleýän ýaly.

Ýadyrgaýan ýat öýdäki çaga dek,
Göwün kemençämi syhap oturýan.
Gussa erkim alsa,
özüm çagyryp,
Öz başymy özüm sypap oturýan.

Men — gözýaş dünýäniň didelerinde,
Bir gün togalansam, syryksam, diňsem…
Bildim,
ýiterin müň ideseler-de,
Ýitmerin, öz-özüm ýitirmän bilsem…

Sapa Hommadow

Şahyr Gülşirin Hanowanyň gysga syny :

Sapanyň şygyrlary hemişekileri ýaly gyzykly, gowy ýazylan. Bize eýýäm şygryýet dünýäsinde adygyp ugran ýaşlaryň goşgy ugradýanlygy gaty buýsandyrýar!

Gülşirin HANOWA 

Hormatly okyjy!

Eger goşgularyňyzy saýtymyzda neşir edilmegini isleýän bolsaňyz onda atawatanylhamy@gmail.com salgysyna öz fotosuradyňyz bilen iberip bilersiňiz. Goşgularyňyz Word formatynda, fotosuradyňyz bolsa JPEG formatynda iberilmelidir.  Goşgy we fotosuradyňyzy garyşyklyk bolmazlygy üçin  ikisini hem bir e-mailde ibermegiňizi haýyş edýäris. Adyňyz, familýaňyz  e-mail bilen hökman görkezilmelidir. Eger  isleseňiz özüňiz baradaky maglumatlary hem iberip bilersiňiz. “Ata Watan ylhamy” şygryýet sahypamyza gelýän goşgulary redaktirlemek Gülşirin Hanowa ynanyldy. Biz neşir edilen goşgularda Gülşirin Hanowanyň goşgular boýunça gysga synyny hem Size ýetireris. Hormatly okyjylarymyz Siz hem goşgular boýunça öz tankydy bellikleriňizi we synlaryňyzy goşgynyň aşagyndaky ýörite bölüme ýazyp bilersiňiz. 

Aýdym Bolan Goşgularym :Dürnabat Aşyrowa

 

Ýene-de okaň

Magtymgulynyň «Kerem islärin» atly goşgusyna nezire:Toýly Jänädow

Ata Watan Eserleri

Bagtyýar ýaşlaryň ýaşlar Forumy:   Toýly Jänädow

Ata Watan Eserleri

Ýaşlar watanyň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri.

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäheri–bagtyň şäheri

Ata Watan Eserleri

            Arkadagly ýaşlaryň şäheri.

Ata Watan Eserleri