SIZDEN GELENLER

Şalyçylygyň ähmiýeti

Ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň düýpgöter özgerdilmegine uly ähmiýet berilýär. Oba hojalygyndaky gazanylýan üstünlikler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň hem döredilmegine şert döredýär. Ýur­du­my­zyň top­rak-ho­wa aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny na­za­ra al­mak bi­len, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň gör­nüş­le­ri­niň art­dy­ryl­ma­gy, olar­dan bol ha­syl al­mak ug­run­da ir­gin­siz ta­gal­la­lar edil­ýär.

Diýarymyzda oba ho­ja­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän oba mak­sat­na­ma­la­ry­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, ýy­lyň-ýy­ly­na pag­ta­dan, bug­daý­dan, şa­ly­dan we beý­le­ki oba ho­ja­lyk ekin­le­rin­den bol ha­syl alyn­ýar. Oba ho­ja­ly­gy hem-de azyk bol­çu­ly­gy üçin mö­hüm bo­lan şa­ly önüm­çi­li­gi hem ýur­du­myz­da giň­den ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.

Şu ýyl­ky oba ho­ja­lyk möw­sü­min­de şa­ly­nyň bol ha­sy­ly­ny ýyg­na­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mu­nuň üçin döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan 18 müň 300 gek­ta­ra şa­ly ek­mek me­ýil­leş­di­ril­di we şon­dan 82 müň 400 ton­na ha­sy­la ga­ra­şyl­ýar. Ýur­du­my­zyň Da­şo­guz we Le­bap we­la­ýat­la­ry­nyň hä­kim­lik­le­ri­ne Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy et­ra­byn­da hem-de Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Dar­ga­na­ta, Dä­new, Çär­jew, Fa­rap, Sa­ýat, Ha­laç, Ho­jam­baz, Ker­ki, Döw­let­li we Köý­ten­dag et­rap­la­ryn­da şa­ly ek­mä­ge müm­kin­çi­lik be­ril­di.
Şa­ly önüm­çi­li­gin­de ho­wa şert­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän, bol ha­syl ber­ýän, zy­ýan­keş­le­re gar­şy dur­nuk­ly şa­ly gör­nüş­le­ri ekil­ýär.

Adamzat jemgyýeti özüniň ösüş taryhynda oba hojalyk ekinleriniň gummatly görnüşlerini döredipdir. Döredilen köpdürli ekinleriň arasynda has gymmatly görnüşiniň biri-de şalydyr. Şalynyň azyklyk ähmiýeti örän uly bolup, ýer şaryndaky 1,6 mlrd adamyň iýmit kadasynyň – rasionynyň 50 göterimden gowrak möçberini düzýär. Ýene-de 400 million adamyň iýmit kadasynyň 25-50 göterimi şala degişlidir.
Taryhy nukdaýnazardan şalynyň haýsy ýerde ýüze çykandygyny kesgitlemegiň möhüm ähmiýeti bar. Akademik N.A.Wawilow (1960) şalynyň ýüze çykan ýerini-medeni merkezini Hindistan diýip belleýär.

Şaly her ýylda ýüzlerçe million adamyň esasy azyklyk serişdesi bolup hyzmat edýär. Gadymy Hytaý ýazgylarynda biziň eýýamymyzdan 2800 ýyl öň şalynyň azyklyk ähmiýeti barada maglumat berilýär. Hindistanda şaly baradaky maglumatlar biziň eýýamymyzdan 2000 ýyl öň taryhda öz ornuny tapypdyr. Şalynyň Hytaýdan Hindistana, ondan hem Orta Aziýa, Eýrana ýaýraýşy, ol ýerden hem Zakawkazýa, Günbatar Ýewropa geçirilişi barada degişli maglumatlar berilýär

Şalynyň tüwüsi, ýarmasy çygly we gurak şertlerde-de gowy saklanýar. Şeýle-de tüwüden, onuň ýarmasyndan dürli naharlary çalt taýýarlap bolýar. Tüwiniň düzümindäki ýokumly organiki maddalar organizmde doly diýen ýaly ýeňillik bilen özleşdirilýär. Mundan başga-da, tropiki ýurtlarda giňden ýaýran aşgazan keselleriniň öňüni almakda we bejermekde şalydan (tüwüden) taýýarlanýan naharlar esasy we örän netijeli bejergi serişdesi bolup hyzmat edýär. Şeýle-de şaly önümleri berhizlik iýmit bolup, berhizli adamlary we çagalaryň iýmit düzgüninde esasy azyk önümi hökmünde hyzmat edýär.

Ýakup Esenow,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ talyby.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/baherden-tikin-fabrigi-paydarlar-jemgyyetine-owruler/

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri