MEDENIÝET

«SalamNews» saýtynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi

«SalamNews» saýtynyň açylmagy mynasybetli, «Ýaşlar — jemgyýetiň güli, ýaşlyk — ömrüň bahary» atly döredijilik bäsleşigi yglan edildi.

Onuň esasy maksady ýaşlaryň ömrüň baharyna meňzeýän ýaşlyk ýyllaryny manyly geçirmeklerini, jemgyýetdäki ornuny we giň mümkinçiliklerini wagyz etmekden, olary has-da ruhlandyrmakdan, täze zehinleri ýüze çykarmakdan hem-de höweslendirmekden ybaratdyr.

Döredijilik bäsleşigine ýaşlar, ýaşlyk bilen bagly türkmen we rus dillerindäki makalalaryňyzy hödürläp bilersiňiz. Onuň düzgünnamasy barada doly maglumat salamnews.tm saýtynda ýerleşdirilendir.

Bäsleşige hödürlenýän makalalar 2022-nji ýylyň 25-nji apreline (sagat 12:00-a) çenli kabul ediler hem-de 15 — 25-nji apreli aralygynda salamnews.tm saýtyna ýerleşdiriler. 26-njy aprelde bäsleşik jemlener we onuň ýeňijileri 27-nji aprelde — Gadyr gijesi mynasybetli yglan ediler.

Bäsleşigiň ýeňijilerine «SalamNews»-yň adyndan sowgatlar gowşurylar.

Türkmen Ýyldyzlary Ata Watanda: Siziň Ýyldyzyňyz kim?

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri