SIZDEN GELENLER

Saglyk sakasy – sport

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda uly ösüşler we özgertmeler amala aşyrylýar. Mälim bolşy ýaly milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlar bilen bir hatarda sport ulgamynda hem düýpli ösüşler gazanylýar.

Bu günki günde Diýarymyzda sporta berilýän üns has-da guwandyryjydyr. Milli Liderimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda atçylyk sporty, hokkeý, welosport, beýleki görnüşleri sözüň doly manysynda ösüş ýoluna düşdi. Türgenlerimiz ýurdumyzda we halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp ýokary netijeleri görkezýär.

Şonuň bilen baglylykda bu ulgamyň häzirki zaman düzümini döwrebaplaşdyrmak we giňeltmek meselelerine milli Liderimiz tarapyndan diňe bir ýokary üstünlikler sportyny ösdürmek üçin esaslyk binýadyny döretmek däl-de, eýsem berk bedenli nesil ýetişdirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini we endiklerini berkarar etmek nukdaýnazardan hem seredilýär. Şu nukdaýnazardan gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherini iri sport merkezine öwürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Aşgabatda olimpiýa şäherçesiniň döredilmegi täze belentliklere we dünýä gazananlaryna tarap okgunly ösüşleriň beýanyna öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly häzirki wagtda ýurdumyzda sporty yzygiderli ösdürmäge onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzyň her obasynda, etraplarynda, şäherlerinde we welaýatlarda, şol sanda Aşgabat şäherimizde dünýä ülňülerine laýyk gelýän we ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylan dürli sport desgalary hereket edip, olarda ýaşlarymyz sportyň dürli görnüşleri boýunça yzygiderli türgenleşýärler. Munuň özi jemgyýetimizde ýaşlary beden taýdan sagdyn nesil edip ýetişdirmäge uly mümkinçilikler berýär. Ynha bu günki günde gözel şäherimiz Aşgabatda gyşky oýunlar sport toplumy, Olimpiýa suw sport toplumy, ulyly-kiçili stadionlar we beýleki häzirkizaman sport toplumlary halkymyza hyzmat edýär.

Hormatly Prezidentimizi[ taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen halkynyň buýsanjy bolan ahalteke bedewlerine goýulýan sarpa bimöçberdir. Şoňa laýyklykda, atçylyk sportyny ösdürmek maksady bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherimizde dünýä ülňülerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi bu ugra berilýän ünsüň nusgalykdygyny açyp görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen sportynyň at-abraýy gün-günden has-da arşa galýar. Bu günki gün erjel türgenlerimiz halkara derejesindäki ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezip türkmeniň ýaşyl tuguny al asmanda parladýarlar.

           Bägül Çaryýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň talyby.

 

07-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri