SIZDEN GELENLER

Saglyk – altyn açar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylýan üstünlikler raýatlarymyzyň başyny göge ýetirýär. Halkymyzyň döredijilik ylhamynyň ganatlanmagyna badalga bolan ýeňişli sepgitler täze-täze rowan menzillere sary hyjuwly zähmet çekmeklikde goýlan maksatlaryň myradyna, arzuwlaryň höwesine aýlandy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn  ösmegi, güllemegi we dünýä döwletleri bilen aýakdaş gadam urmagy üçin zerur bolan ähli aladalary edýär. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp sözleri bar: “Saglyk abadançylygyň we gülläp ösüşiň altyn açarydyr”. Milli Liderimiziň  ýaş nesli ruhy we beden taýdan sagdyn kemala getirmegiň ähli başarnyklaryny kämil derejede ele almagyň inçe syrlarynyň gönezligi bolan alyp barýan adyl syýasatlary bize bu ugurda aýdyň ýol-ýörelge. Ylhamyndan gözbaş alan atalyk kitaplar bolsa, ähli babatda  nusgalyk gollanma.

Gahryman Arkadagymyz 11-nji fewralda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda şeýle diýdi: “Häzirki döwürde kompýuter hem-de maglumat ulgamlarynyň ösüşi bilen baglylykda, çagalar we ýetginjekler, şeýle hem dürli ýaşdaky adamlar köp wagtyny kompýuteriň, telefonyň we planşediň başynda geçirýärler. Şu sebäpli, adam az hereket edýär, gipodinamiýa ýagdaýynda galýar. Bu bolsa onuň gözlerine ýaramaz täsir edýär, semredýär we saglyga başga-da birnäçe zyýan ýetirýär.

Bu meseläni çözmek döwletimiziň we bütin jemgyýetimiziň gaýragoýulmasyz wezipesi bolup durýar.

Biz çagalarymyzy hem-de ýetginjeklerimizi aň-bilimini we ukyplaryny terbiýeleýän sportuň dürli görnüşleri, şol sanda hereketli milli oýunlar bilen meşgullanmaga çekmegiň netijeliligini has ýokarlandyrmalydyrys. Ähli tagallalarymyz ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdynlygynyň sazlaşykly utgaşmagyny üpjün etmäge gönükdirmelidiris”.

Hormatly Prezidentimiziň bu parasatly sözlerinden ugur alyp ýaş nesli saglygy berkitmegiň iň bir ygtybarly serişdesi bolan sporta we bedenterbiýä bolan söýgi bilen kämilleşdirmegimiz zerur. Adamzat durmuşynda sportuň we bedenterbiýäniň ähmiýeti uly bolup, olar adamzadyň, şol sanda ýaş organizmiň bekemegi üçin ägirt uly güýje eýe. Sport-adamlaryň saglygyny berkitmeginiň, uzak  we sagdyn ömür sürmeginiň esasy çeşmesi, dynç almagyň we halkara gatnaşyklarynyň möhüm ugry hasaplanýar.

Bedenterbiýe we sport ynsan durmuşyna ýaramaz täsir edýän endiklere garşy göreşmegiň ygtybarly we  möhüm  guralydyr. Fiziki işjeňlik ynsanlaryň ýaşaýşynyň dowamlylygynyň ýokarlanmagyna täsir edýän zerur şert bolmak bilen bir hatarda, zähmete ukyplylygyna, ömrüniň uzalmagyna hem täsirini ýetirýär.

Adam bütin ömrüniň dowamynda tebigat bilen ysnyşykly ýaşaýar. Tebigat adama öz genji-känini eçilýär. Her bir adam säher bilen uzak aralyga ylgamak bilen fiziki güýjüni artdyrýar. Säheriň jana şypa beriji howasyndan dem alyp, öz ruhy dünýäsini baýlaşdyryp bilýär

Ýurdumyzda saglygy berkitmek, bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmak babatda, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen zerur işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň täze okuw ýylyndan başlap, ähli ýokary we orta okuw mekdeplerinde hepdede üç gezek  bedenterbiýe sapagyny girizmek, her şenbe gününde sport gününi geçirmek baradaky aýdanlary ynsan saglygyny berkitmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn tagallalardyr. Milli Liderimiz halkymyza “Türkmenistan-sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy”, “Bagtyýarlyk-sagdynlykdan başlanýar”, “Sport-dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly ajaýyp kitaplary peşgeş berdi. Bu eserleriň sahypalarynda sport, bedenterbiýe saglygy berkitmegiň möhüm guraly bolup çykyş edýär.

Mälim bolşy ýaly, abadançylygy, onuň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy, beden we ruhy taýdan sagdyn ýaş nesli kemala getirmek baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistan Watanymyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ösüp barýan ýaş nesli döwrüň talabyna laýyklykda sagdyn, bilimli, sowatly, giň dünýägaraýyşly, innowasion tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, döwletimiziň güllemegine öz goşandyny goşup biljek ýaşlar edip ýetişdirmekde giň gerimli, asylly, bähbitli işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolmagyny arzuw edýäris!  Sagdynlyk, gözellik, uzak ömür sürmek babatdaky nusgalykly  işlerinde bolsa, rowaçlyklar ýaran bolsun!

 

Ylýas KULHANOW

Türkmen oba hojalyk institutynyň  1-nji ýyl talyby

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika