SIZDEN GELENLER

Saglygyň sakasy – türkmen sporty  

Ýaş nesliň, jemgyýetiň, tutuş halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak — hormatly Prezidentimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biri.  Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Döwletimiziň dürli künjeginde gözüňi dokundyrýan, göwnüňi galkyndyrýan, saglygyňy berkidýän lukmançylyk merkezleriniň, şypahanalaryň, derman kärhanalarynyň we milli saglygy goraýyş ulgamyny täze derejä göteren beýleki ugurdaş desgalaryň, dynç alyş seýilgähleriň, sport mekdepleriniň giden bir tapgyrynyň, uly-uly toplumlarynyň ulanylmaga berilmegi, giň mümkinçilikleriň döredilmegi aýratyn nygtalmaly zatlardyr. Dünýäniň öňdebaryjy we tanymal tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu ýerlerde saglygyňy berkitmek we dikeltmek üçin ähli şertler bar. Sagdynlyk, bedenterbiýe bilen meşgullanmak biziň durmuşymyzda iň wajyp ugurlaryň birine öwrüldi.Saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýetimiz üçin hem bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Çünki saglyk güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, doly bahaly we abadan durmuşyň çeşmesidir. Şonuň üçin hem bu ugur Türkmenistanyň durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Her ýylyň 7-nji aprel güni Türkmenistan döwletimizde, asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilýär. Şanly sene mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, medeni, sungat we beýleki çäreler ýaýbaňlandyrylýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport hereketi Türkmenistanda giň gerime we uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe boldy. Ýokary görkezijili sportuň ösüşi hem bu gün täze badalga aldy.Bularyň ählisi Bitarap Watanymyzyň dünýäniň sport giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmaga, türgenlerimiziň ussatlyklaryny kämilleşdirmäge hem-de täze ýeňişlere ýetmäge höweslerini artdyrmaga we sportuň dürli görnüşlerini wagyz etmäge, türkmenistanlylary, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlary şolar bilen yzygiderli meşgullanmaga giňden çekmäge ýardam edýär.Türkmenistanlylaryň köp sanlysy döwlet Baştutanymyz tarapyndan döredilen şertleriň netijesinde, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Yürgenlerimiziň gazanýan üstünlikleriniň sany barha köpelýär, sport döwleti hökmünde ata Watanymyzyň abraýy bolsa has-da belende galýar.Türkmen sportunyň at-abraýynyň mundan beýlägem ýokary göterilmegine, halkymyzyň yzygiderli sport bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikler döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Aşyr Muhammedow,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

 Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Aşgabatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýöriş geçirildi

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika