JEMGYÝET

Saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewa şäherindäki Bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň direktory doktor Hans Klüge bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Merkezi Aziýa ýurtlaryndan duşuşyga ýokary derejeli hökümet wekiliýetleri gatnaşdy.

Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri we ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde”Ýeketäk saglyk” konsepsiýasyny ösdürmek we durmuşa geçirmek, saglygy goraýyş ulgamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin başlangyçlary hem-de Merkezi Aziýada 2022-2025 ýyllar üçin saglygy we abadan ýaşaýşy goldamagyň Ýol kartasy.

BSSG-niň Ýewropa sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy Hans Klüge Merkezi Aziýa sebitine ileri tutulýan sebit hökmünde goldawyny beýan etdi, esasanam, Merkezi Aziýada 2022-2025 ýyllar üçin saglygy we abadan ýaşaýşy goldamagyň Ýol kartasyny bilelikde işläp düzmek we ony ýerine ýetirmek boýunça işlerde.

Öz içine saglygy goraýyşyň uly bölegini aljak Ýol kartasy Merkezi Aziýanyň ýolbaşçylary tarapyndan kabul ediler diýlip çaklanylýar.

 

«PETRONAS Çarigali » kompaniýasy işe çagyrýar

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti we Pakistanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: hiç haçan urşuň ýeňen ýeri ýokdur

Türkmenistanda Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz güni bellenilýär

Türkiýäniň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Oraza we Nowruz baýramy bilen gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Si Szinpiniň 4 sany ählumumy başlangyçlaryny goldaýarys