Sagdynlyk sahawatynyň giňden ýaýbaňlanýan döwründe ýaşlaryň sagdynlyk ruhunda terbiýelenmegi hem-de olaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy ugrunda ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde dürli çäreler geçirilýär. Olaryň arasynda özara wagyz ediş çärelerini öz içine alýan bäsleşikleriň geçirilip durulmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.
Munuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda “Ýaramaz endikleri ýazgarýan, sagdyn durmuş ýörelgelerini beýan edýän hem-de öwüt-ündew häsiýetli wideoşekiller we tanyşdyrmak çykyşyny taýýarlamak” boýunça institutyň talyplarynyň arasynda fakultetara bäsleşik geçirildi.
Bu bäsleşige institutyň ýaş we tejribeli mugallymlaryndan düzülen emin agzalary, professor mugallymlar we fakultetleriň 1-nji ýyl talyplary gatnaşdylar.
Emin agzalar bäsleşikde yglan edilen şertler boýunça talyplaryň taýýarlan tanyşdyrmak çäresini we wideoşekillerini synlamak bilen, olaryň many-mazmunyna, adam saglygyna oňyn täsir edýän bedenterbiýäniň şeýle hem, ýurdumyzda sporta we bedenterbiýä berilýän ünsüň ýokary ähmiýetiniň ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryna görä, öz döredijiliginde ulanyp, täsirli beýan edişlerine adalatly baha berip, uly seslenmä mynasyp bolan toparlara degişli sowgatlary gowşurdylar.
Çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça institutyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary birinji orna mynasyp boldular.
Bu bäsleşigiň geçirilmegi talyplaryň wideoşekilleri we tanyşdyryş çykyşlaryny taýýarlamak ugrunda has-da kämilleşmeklerine, hormatly Prezidentimiziň sagdyn ýaşaýşy üpjün etmekde alyp barýan syýasatyna özleriniň goşantlaryny goşup, şunuň ýaly wagyz-nesihat çärelerine işjeň gatnaşmaklaryna uly ýardam berdi.
Gözel EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!