DÜNÝÄ

Russiýanyň hökümetiniň täze düzüminiň dalaşgärleri

Russiýa Federasiýasynyň Premýer-ministri wezipesine bellenen we Döwlet Dumasy tarapyndan tassyklanan Mihail Mişustin Ministrler Kabinetiniň täze düzümini Döwlet Dumasynyň tassyklamagyna hödürledi. Wise-premýerler we ministrler öz maksatnamalaryny Döwlet Dumasyna hödürlär.

WISE-PREMÝERLER WE TÄZE WISE-PREMÝER UGRY

Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň täze düzüminde 10 sany wise-premýer, olaryň biri birinji wise-premýer bolar.

Ýurduň birinji wise-premýeri wezipesinde Denis Manturow hödürlendi. Ol mundan ozal, senagat we söwda ministri wezipesinde işledi. Ozal, birinji wise-premýer bolan Andreý Belousow başga işe geçer.

Hökümetde täze wise-premýer ugry döredildi, ol hem ulag we logistika ulgamyna gözegçilik eder, bu wezipä ozalky ulag ministri Witaliý Sawelýew hödürlendi.

Ozal oba hojalygy ministri bolan Dmitriý Patruşew oba hojalygy, obasenagat we ekologiýa gözegçilik edýän wise-premýerlige hödürlendi.

Aleksandr Nowak ykdysady topluma gözegçilik eder.

Dmitriý Grigorenko bolsa, maliýe gözegçiligi, sanly ösüşi utgaşdyrmak, aragatnaşyk ýaly ugurlara gözegçilik edýän wise-premýer bolar.

Wise-premýer wezipesine hödürlenen Dmitriý Çernyşenko ylym, sport, bilim, ýaşlar ugurlary bilen bir hatarda metbugat, metbugat we çaphana işlerine gözegçilik eder.

Tatýana Golikowa saglygy goraýyş, zähmet we medeniýet ugurlaryna gözegçilik eder.

Alekseý Owerçuk, Ýuriý Trutnew we Marat Husnullin ozalkysy ýaly wise-premýer wezipelerini saklap galar.

MINISTRLER

Senagat we söwda ministri wezipesine Kaliningrad oblastynyň gubernatory Anton Alihanow, ulga ministri wezipesine Kursk oblastynyň gubernatory Roman Starowoýt, energetika ministri wezipesinde Kemerow obalstynyň gubernatory Sergeý Siwilew hödürlendi.

Oba hojalyk ministri wezipesine ozal bu ministrligiň orunbasary bolan Oksana Lut bellener. Sport ministri wezipesine bolsa, Habarowsk kraýynyň gubernatory Mihail Degtýarew hödürlendi.

Mişistiniň teklibi boýunça 11 ministr ozalky wezipesini saklap galar:

  • Anton Kotýakow  – zähmet ministri
  • Aleksandr Kozlow – tebigat ministri
  • Sergeý Krawsow – ylym ministri
  • Olga Lýubimowa- medeniýet ministri
  • Maksim Reşetnikow – ykdysady ösüş ministri
  • Anton Siluanow – maliýe ministri
  • Mihail Muraşko – saglygy goraýyş ministri
  • irek Faýzullin – gurluşyk ministri
  • Waleriý Falkow – bilim ministri
  • Alekseý Çekunow – gündogar ösüş ministri
  • Maksut Şadaýew – sanlylaşdyrmak ministri.

Şeýle hem Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Federasiýa Geňeşine ýerine ýetiriji häkimiýetiň federal organlarynyň, hususan-da goranmak, daşary işler, içeir işler, adalat, jemgyýetçilik howpsuzlygy ministrleri üçin dalaşgärleri hödürlär.

Federasiýa Geňeşi 14-nji maýda ýurduň harby-hukuk goraýjy edaralarynyň hem-de daşary işler ministrleri wezipesine hödürlenen dalaşgärleriň dalaşgärligine sereder.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri