Russiýanyň “Ozon” marketpleýsi Türkmenistanyň bazarynda işläp başlady. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy TASS agentligine habar berdi.
Habarda “Ozon Türkmenistanda söwdalary açdy” diýlip bellenilýär.
Harytlaryň eltilmegi birinji tapgyrda takmynan 10 gün dowam eder. Alyjylar sargytlaryny “Türkmenpoçta” poçta operatorynyň bölümlerinden alyp bilerler diýip, “Ozon”-yň wekilleri aýtdy.
“Ozon” internet söwda platformasy 2021-nji ýyldan bäri GDA ýurtlarynda öz söwdasyny ösdürýär. Kompaniýanyň eýýäm Belarusda, Ermenistanda, Gazagystanda, Azerbaýjanda, Gyrgyzystanda, Özbegistanda we Gruziýada logistika düzümi bar.
Türkmenistan kompaniýanyň öz marketpleýsini ösdürýän Russiýadan daşardaky sekizinji ýurdy boldy.
