DÜNÝÄ

Russiýada saýlawlar: 4 dalaşgär, ilkinji rekordlar, täze düzgünler

Russiýa Federasiýasynda ýene-de 30 günden – 15-nji martda prezident saýlawlary üçin ses berişlik badalga alar. Prezident saýlawlary üçin 4 dalaşgär hasaba alyndy we olar saýlaw möwsüminiň çäklerinde çykyşlaryny ýerine ýetirýärler.

2024-nji ýyldaky prezident saýlawyna 4 dalaşgär gatnaşýar. Olar – Döwlet Dumasynyň ozalky başlygy, “Täze adamlar” partiýasynyň dalaşgäri Wladislaw Dawankow, garaşsyz dalaşgär Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, LDPR partiýasynyň ýolbaşçysy Leonid Sluskiý we KPRF MK agzasy Nikolaý Haritonow.

Şu gezekki saýlawlarda ilkinji gezek elektron, ýagny onlaýn görnüşinde ses bermek mümkinçiligi dörediler. Moskwa bilen bir hatarda Russiýanyň 28 sebitinde uzakdan elektron ses bermek şertlerini döretmek ugrunda tagalla edilýär. 14-nji fewraldaky ýagdaýa görä, 2,175 milion saýlawçy onlaýn ses bermek üçin ýüz tutdy. Munuň özboluşly rekord bolup durýandygy bellenildi.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Ella Pamfilowa 95 ýurt boýunça özleriniň kärdeşlerine saýlawlara synçy hökmünde gatnaşmak üçin çakylyk iberilendigini mälim etdi. Onuň bellemegine görä, 100-den gowrak ýurtdan, şol san-da 13-14 halkara guramadan 1 müňe golaý synçynyň gelmegine garaşylýar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri