Şu gün Russiýa Federasiýasynda Prezident saýlawlary üçin 3 günlük ses berişlik badalga aldy. Ýurduň ähli ýerinde gurlanan 94 müň saýlaw uçastogy ýerli sagat bilen 8:00-da gapylaryny saýlawçylara açdy. Ses berişlik her gün agşam ýerli wagt bilen 20:00-da ýapylýar.
Şeýle hem rus saýlawçylaryna uzak aralykdan, ýagny elektron görnüşde ses bermek mümkinçiligi döredildi. Bu mümkinçilikden ýurduň 29 sebitiniň saýlawçylary peýdalanyp bilýär.
Russiýa Federasiýasynda simwoliki ýagdaýda bu syýasy çäräni ilkinji bolup, Kamçatka sebiti kabul etdi. Merkezi saýlaw topary göni wideoaragatnaşyk arkaly ses berişlige badalga berdi.
Russiýada Prezident saýlawlary üçin 106 döwletden halkara synçylar hasaba alyndy. Olar ses berişligiň ilkinji minutlarynda saýlaw uçastoklaryna aýlanyp başladylar.
Russiýanyň Merkezi saýlaw toparynyň maglumat beriş merkezinde 1.5 müň žurnalist saýlawlaryň geçişi barada gyzgyny bilen habarlary ýaýradýar. Merkezi saýlaw topary saýlawlar üçin aralarynda daşary ýurtly habarçylar bilen bir hatarda 25 müň metbugat neşirlerini hasaba aldy. 13 müňden gowrak habarçy ýerlerde bolup, saýlawlar barada habarlar berer.
