BIZNES

Russiýa sanly rubl walýutasyny synagdan geçirer

Russiýanyň Merkezi bankynyň başygynyň orunbasary Olga Skorobogatowa, Russiýanyň sanly rubl baradaky meýilnamalary barada çykyş etdi.

Skorobogatowa Moskwada geçirilen metbugat ýygnagynda eden çykyşynda şeýle belleýär:

“Sanly rubllar sanly gapjyklarda saklanar. Aýry-aýry adamlaryň we kompaniýalaryň sanly gapjyklarynda saklap biljek sanly rubllarynyň mukdaryna hiç hili çäklendirmeler bolmaz. Russiýa özüniň sanly rubl walýutasyny 2022-nji ýylda synagdan geçirer. Soňra sanly rublyň eýerjek ýol kartasyny kesgitläris”.

Şeýle hem Skorobogatowa bir adamdan başga adama sanly rubl walýutasyny mugt geçiriljekdigini aýtdy. Sanly rubl kod görnüşinde çykarylar we Merkezi bankdaky sanly gapjyklarda saklanar we müşderiler oňa özleriniň bank hasaplary arkaly girip bilerler. Mundan başga-da sanly rubl diňe belli hyzmatlar ýa-da önümleri tölemek üçin ulanyp bilner. Nagt däl pullar bolsa beýle funksiýanyň ýoklugy we täjirçilik banklarynda saklanmagy bilen tapawutlanýar. “Offline” tölegler üçin bolsa smartfonlarda ikinji sanly gapjygy dörediler. Geljekde Russiýanyň Banky sanly rubllary ulanmak bilen amallar üçin nyrhlary kesgitlär.

 

Täze we döwrebap lukmançylyk dikuçary satyn alyndy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary