BIZNES

Rus kompaniýasy Türkmenistan bilen energetika hyzmatdaşlygyna uly gyzyklanma bildirýär

Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Myhman özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we onuň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, rus işewürliginiň, hususan-da, öz ýolbaşçylyk edýän iri nebit kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine ýokary gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda iki tarap üçin hem ykdysady taýdan bähbitlilik esasynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň we uzak möhletli hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Işewür Hazar deňziniň uglewodorod känlerini özleşdirmek boýunça “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işleri bilen döwlet Baştutanymyzy tanyşdyryp, biziň ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de ygtybarly hukuk binýadynyň daşary ýurt işewürler toparlarynyň maliýe serişdelerini, nebit we gaz känlerini işläp taýýarlamaga, ugurdaş düzümleri gurmaga maýa goýmaga ýardam edýändigini belledi.

Wagit Alekperow biziň ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň gazyp alýan hem-de gaýtadan işleýän ulgamyň, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan gaz we nebithimiýa senagatynyň ösdürilmeginde toplanan tejribäni türkmen tarapyna hödürlemäge taýýardygyny nygtady.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Koreý kompaniýasy Türkmenistandaky ornuny berkidýär

Çagalar we gelejek: Innowasiýalaryň sergisi

“Oxfam”: Dünýäniň baýlarynyň baýlygy 33,9 trillion dollar artdy

Türkmenistanyň harytlary: Stambulyň sergi sahnasynda

Mary etrabynda ammiak we ammiak selitrasyny öndürýän zawody gurlar

«Uzynada» nebitgaz ýatagy elektrik energiýasy bilen üpjün ediler