SIZDEN GELENLER

Rus dilini öwrenmegiň ähmiýeti

Garaşsyz Diýarymyzda bilim ulgamyny ösdürmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu babatda golaýda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» aýdyň mysaldyr. Bu Konsepsiýa 8 bölümden ybarat bolup, bilim ulgamynyň işiniň has-da kämilleşmegi, döwrebaplaşmagy üçin uly itergi bolar. Has takygy, umumybilim berýän edaralarda okatmakda innowasion usullardan peýdalanmak, milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek işi bilim işgärleriniň öňünde uly jogapkärçiligi goýdy.

Türkmenistanyň ylym-bilim edaralarynyň internet ulgamyna birikdirilmegi bolsa, Watanymyzyň ylym-bilim ulgamynda gazanan üstünliklerini dünýä ýüzüne ýaýmak üçin şert döredýär. Şeýle hem bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak,  ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak boýunça dünýä tejribesinden ugur alnyp, sanly bilim ulgamyna geçmek babatynda giň möçberli işler alnyp barylýar. Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr.

Umumybilim berýän orta mekdepler bilen mekdebe çenli çagalar edaralarynyň arasynda üznüksiz baglanyşygy alyp barmak işinde bolsa mugallymlar we terbiýeçiler taýsyz tagalla edýärler. Bilim işlerine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak dowam etdirilip, okatmagyň döwrebap usullaryndan peýdalanmak bilen, okuwçylaryň akyl ýetirijilik, öwrenijilik işjeňligi, özbaşdak pikirleniş endikleri has-da kämilleşdiriler we ösdüriler. Üznüksiz bilim ulgamynyň mazmunyny hil taýdan täzelemek, bilim işgärlerini taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we ussatlyklaryny, bilimlerini, başarnyklaryny ösdürmek babatdaky işler döwrebaplaşdyrylar. Şeýle hem umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň esasynda ýaşlara çuňňur bilim we döwrebap terbiýe bermek, olary iş ýerleri bilen üpjün etmek, mekdepden daşary we goşmaça bilimiň häzirki zaman usullary we ugurlary babatda degişli işler durmuşa geçiriler.

Bu konsepsiýa laýyklykda, daşary ýurt dillerini, hususan-da rus dilini öwretmelige hem aýratyn ähmiýet berilýär. Köp dil öwrenmek we ony ýaş nesle öwretmek kämilligiň aýdyň beýanydyr. Köp dil bilmegiň durmuşy ähmiýeti örän uly bolup, ol halkara gatnaşyklarynyň, diplomatiýanyň işjeň serişdesidir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän myhmanlary maksadalaýyk garşy almak, olar bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmak, bu ugurda ýüze çykýan soraglary çözmek üçin dürli dilleri öwrenmegiň hyzmaty uludyr. Şonuň ýaly-da, dünýäniň ylmy edebiýatlary bilen tanyşmak üçin hem daşary ýurt dilleri möhüm bolup durýar.

Ýurdumyzda dünýä dilleriniň arasynda esasy orun tutýan daşary ýurt dillerini, aýratyn- da rus dilini öwrenmäge ähmiýet berilýär. Daşary ýurt diline eýe bolmak halklaryň arasynda dostluk, medeni gatnaşyklaryň ösmegine, ýaşlaryň dünýä medeniýetiniň ruhuna ýakynlaşmagyna, ýaşlaryň dünýä tejribeleri bilen tanyşmaklaryna ýardam edýär. Rus dili GDA ýurtlarynyň arasynda diňe bir medeni aragatnaşyk dili bolman, eýsem, işjeňlik dili hem bolup durýar. Şonuň üçin hem ykdysatçylara, telekeçilere we talyplara rus dilini öwrenmek peýdalydyr hem wajypdyr. Beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň doglan güni bolan 6-njy iýunda köp dilliligi we medeni köpdürlüligi goldamak hem-de ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde BMG-de Rus diliniň güni bellenilýär. Rus dili slawýan dilleriniň arasynda has giň ýaýran, geografiki nukdaýnazardan we gepleşýänleriň umumy sany boýunça dünýä dilleriniň ilkinji onlugynyň sanawyna girýär. Internetde ulanylýan dilleriň arasynda hem iň ýörgünlisi rus dilidir. Rus dili dünýädäki iň kyn dilleriň biridir. Şeýlede bolsa rus dilini öwrenmek üçin sarp edilýän wagt adamdan adama üýtgeýär. Rus dilinde erkin gürlemek üçin bu sözleriň diňe 5%-ini öwrenmek ýeterlikdir.

Dünýäde rus dilini ene dili hökmünde ulanýanlaryň sany 164 milliona deňdir. Bu dili ikinji dil hökmünde ulanýanlaryň sany bolsa 114 milliona barabardyr. Şeýlelikde, rus dilinde gepleşýänleriň sany 278 milliona barabardyr. Rus dili Russiýa Federasiýasynyň döwlet dili, Belarusuň iki döwlet diliniň biridir, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we käbir beýleki ýurtlaryň resmi dilleriniň hataryndadyr. Şeýle hem Ýewraziýada, Gündogar Ýewropada halkara aragatnaşygyň esasy dilidir, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň düzüm birlikleriniň we beýleki halkara guramalaryň alty iş diliniň biridir. 2022-nji ýyldaky maglumatlara görä, rus diliniň ýaýramak derejesi 8-nji orny eýeleýär. Bu ugurda iňlis dili (1,5 mlrd), mandarin hytaý dili (1,1 mlrd), hindi dili (602,2 mln), ispan dili (548,3 mln), fransuz dili (274,1 mln), arap dili (274 mln) we bengal dili (272,7 mln) öňdeligi eýeleýär.

Internet ulgamynda rus dilini ulanyjylaryň sany 105 milliondan gowrakdyr. Şulary göz öňünde tutup, rus dilini öwrenmegiň ähmiýetiniň uludygyny nygtasymyz gelýär. Şonuň üçin biziň ýurdumyzda hem rus dilini öwretmäge uly üns berilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde rus dili we edebiýaty fakulteti bolup, onda rus dili boýunça kämil hünärmenler ýetişdirilýär. Mundan başga- da, ýurdumyzda rus dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän orta mekdepler hem hereket edýär.

Watanymyza, halkymyza, milli ýörelgelerimize, däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlary kemala getirmekde uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ýazgül Orazberdiýewa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň rus dili we edebiýaty mugallymy. 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri