MEDENIÝET

Rumyniýada türkmen filmleriniň günleri geçirildi

2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy tarapyndan Rumyniýanyň Milli daýhançylyk muzeýiniň kinoteatrynda gurnalan türkmen filmleriniň günleriniň açylyşy geçirildi. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşiginiň filmleriniň görkezilişi “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylyna we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirildi.

Çärä Rumyniýanyň ministrlikleriniň wekilleri, Rumyniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, ylmy we döredijilik intelligensiýanyň wekilleri, şeýle hem Rumyniýadaky türkmen raýatlary we talyplary gatnaşdy.

Çärä, “Türkmenfilm” kinostudiýasynyň režissýory Sahysalyh Baýramowyň “Daragt” we režissýor Maksat Gylyjowyň “Kompozitor” filmleriniň görkezilmegi bilen açyldy.

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Annamammet Annaýew we Rumyniýanyň Milli daýhançylyk muzeýiniň baş müdiri Wirgil-Stefan Nitulesku gutlag sözi bilen ýygnananlara ýüzlendiler.

Ilçi öz ýüzlenmesinde Rumyniýada türkmen filmleriniň ilkinji görkezilişini guramakda we geçirmekde kömek edenligi üçin rumyn tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Häzirki wagtda kino sungatynyň häzirki zaman jemgyýetinde möhüm rol oýnaýandygyny belläp, türkmen filmleriniň görkezilmeginiň Türkmenistan bilen Rumyniýanyň medeniýetlerini ýakynlaşdyrmak ugrunda ýene bir ädim boljakdygyny belledi.

W.Nitulesku hem öz gezeginde Türkmenistanyň hökümetine türkmen medeniýeti we kinematografiýasy bilen has ýakyndan tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik üçin minnetdarlyk bildirdi we medeniýetleriň arasyndaky gepleşikleri çuňlaşdyrmaga taýýardygyny ynandyrdy.

Film görkezilişiniň ikinji gününde, 3-nji aprelde režissýor Sahysalyh Baýramowyň “Gyzyl Kurte” we Gahryman Arkadagyň eserindäki  liriki rowaýata esaslanyp düşürilen, türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, gymmatlyklary hakynda gürrüň berýän, türkmen halkynyň dogruçyllygyny we zähmetini wasp edýän, režissýor Hekim Alowowyň “Gyzyl alma” filmi görkezildi.

Ýene-de okaň

Türkmen medeniýeti — Sianda

«Galkynyş» topary daşoguzlylara şatlyk paýlady

Türkmenistanyň sungat ussatlary Aktau şäherindäki dabaralara gatnaşdy

«Italiýada öndürilen» atly bilelikdäki moda görkezilişi geçirildi

Jennifer Lopes Gazagystanda konsert berer

Spilberg iň tanymal baý şahsyýet boldy