“Napoli” toparyny 33 ýyldan soňra çempion eden Luçano Spaletti tälimçilik wezipesinden gitdi. Onuň ornuna italýan topary Kristiano Ronaldonyň düzüminde çykyş edýän Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň ozalky tälimçisi Rudi Garsiýa bilen ylalaşyk gazandy.
Fransuz tälimçisi Rudi Garsiýa soňky gezke saud toparyna tälim beripdi. 59 ýaşyndaky tälimçi aprel aýynda saud toparyndaky tälimçilik wezipesinden aýrylypdy.
Garsiýanyň Italiýada iş tejribesi bar. Ol 2013-2016-njy ýyllarda “Roma” toparyna tälim berip, bu topar bilen 2 gezke Italiýanyň çempionatynda 2-nji orny eýeläpdi.
