SPORT

Ronaldo täze şertnama hödürlendi

Italiýanyň “Ýuwentus” topary özüniň düzüminde çykyş edýän dünýä belli futbolçy, portugaliýaly Kristiano Ronaldo bilen şertnamasyny dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Toparyň ýolbaşçylary 35 ýaşly futbolça ýene-de bir ýyllyk şertnama hödürlediler.

Häzirki wagtda Ronaldo bilen “Ýuwentus” toparynyň arasyndaky şertnamanyň möhleti 2022-nji ýylyň tomsunda tamamlanýar. “Tuttosport” neşiriniň habaryna görä, Ronaldo bilen 2023-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşmak göz öňünde tutulýar.

Mälim bolşy ýaly, Ronaldo 2018-nji ýylyň iýunynda Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyndan Italiýanyň “Ýuwentus” toparyna geçipdi. Häzirki möwsümde Ronaldo “Ýuwentus” toparynyň düzüminde 23 duşuşykda 22 gol geçirmegi başardy.

Ol futbol taryhynyň resmi duşuşyklarda iň köp gol geçiren futbolçysydyr. Bu ugurda ady rowaýata öwrülen futbolçy Peleden hem öňe saýlandy.

Metbugat habarlaryna görä, golaýda “Real Madrid” toparynyň ýolbaşçysy Florentino Perez bilen Ronaldonyň arasynda duşuşyk geçirilendigi, bu duşuşygyň Ronaldonyň gaýtadan “Real Madrid” toparyna dolanyp gelmeginiň mümkinçilik döredip biljekdigi mälim edilipdi.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri 2026-njy ýylyň alty aýynda 415 medal gazandylar

Diego Forlan Urugwaýyň futbol ýygyndysyna baş tälimçi boldy

Makgregor 5 ýyldan soňra ýene ýeňildi

Ata Watan Eserleri

Messili Argentina ýarym finalda Angliýa bilen oýnar

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar