SPORT

Ronaldo möwsümi kuboksyz tamamlaýar

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo şu möwsümi kuboksyz tamamlaýar. Bu “Mançester Ýunaýted” toparynyň Angliýanyň milli çempionatynda “Ewerton” bilen geçiren duşuşygyndan soňra belli boldy.
“Mançester Ýunaýted” topary “Ewerton” toparyndan 1:0 hasabynda ýeňildi we çempionatda 31 duşuşykdan soňra 7-nji orunda durýar. Onuň çempionatyň öňdebaryjysy “Mançester Siti” topary bilen aratapawudy 22 utuga deňdir.
Ronaldo 2021-nji ýylň awgustynda “Mançester Ýunaýted” toparyna dolanyp gelipdi.  “Mançester Ýunaýted” topary Liga kubogynyň 3-nji aýlawynda “West Hem” toparyndan 1:0 hasabynda utulyp, kubokdan çykypdy.
Angliýanyň kubogy ugrundaky ýaryşda hem “Mançester Ýunaýted” topary 4-nji aýlawynda “Midlsbro” toparyndan ýeňlip, bu ýaryşdan hem çykmaly bolupdy.
UEFA-nyň Çempionlar ligasynda bolsa, “Mançester Ýunaýted” topary 1/8 final tapgyrynda Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” toparyndan 2 duşuşygyň netijesi boýunça ýeňlip, bu kubogy gazanmak mümkinçiligini hem ýitirdi.
Şeýlelikde, Ronaldonyň “Mançester Ýunaýted” topary bilen bu möwsümde kubok gazanmak mümkinçiligi galmady.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/10-gunde-15-goterim-osus-atavatan-tv-youtube/

Ýene-de okaň

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder