SPORT

Ronaldo Aziýanyň Çempionlar ligasy bilen hoşlaşdy

Ýewropanyň öňdebaryjy toparlary bilen Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň kubogyny birnäçe gezek gazanan portugal ýyldyz Kristiano Ronaldo Aziýanyň Çempionlar ligasynda ýeňiji bolmagy başartmady.

Ronaldonyň düzüminde çykyş edýän Saud Arabystanyň “Al-Nasr” topary Aziýanyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda BAE-niň “Al-Ain” toparyny 4:3 ýeňendigine garamazdan, ilkinji duşuşykda 1:0 hasabynda utulandygy üçin ýaryşda galdy.

Ronaldo 118-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyndna tapawutlanyp, duşuşygy 11 metrlik jerime urgularyna ýetirdi.

Ýöne duşuşykdan soňra ýeňijini kesgitleýän 11 metrlik jerime urgularynda BAE-niň topary 3:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, Ronaldo toparlar derejesinde 750-nji goluny geçirendigine garamazdan, Aziýanyň Çempionlar ligasyndan galdy.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler