SPORT

Ronaldinýo Gyrgyzystana barar

Ady rowaýata öwrülen brazil futbolçy Ronaldinýo özüniň Gyrgyzystana amala aşyrjak sapary barada gürrüň berdi. Ol “Barselona” toparynyň Gyrgyz Respublikasyndaky futbol akademiýasynyň metbugat gullugynyň ýaýradan wideoýazgysynda özüniň sapary barada maglumat berdi.

Ol Gyrgyz Respublikasynda 3 gün bolar: Jala-Abadaky futbol akademiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşar we Bişkekdäki ýoldaşlyk duşuşygynda oýnar.

30-njy awgustda Dolon Omurzakow adyndaky stadionda “Barselona” toparynyň ozalky güýçli futbolçylary “Aziýanyň güýçli futbolçylary” bilen duşuşygy geçiriler. “Barselona” toparynyň düzüminde Ronaldinýo, KArles Puýol, Hawýer Sawioly, Juliano Beletti, Lýudowik Žýuli we beýlekiler oýnar.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler