DÜNÝÄ

Rogun GES: dünýädäki iň belent bentden hem netijeliräk näme bolup biler?

Şu gün Halkara ekologiýa koalisiýasy «Serhetsiz Derýalar» («Rivers without Boundaries») Täjigistanyň Rogun GES taslamasynyň alternatiwalarynyň seljerilmegini öz içine alýan hasabatyny (iňlis we rus dillerinde) jemgyýetçilige ýetirdi. Bu hasabat mundan ozal Bütindünýä Bankynyň ýolbaşçylar geňeşiniň agzalaryna ugradylypdy. Bu barada “Rivers.Help” saýtynda habar berilýär.
Hasabatyň awtorlarynyň pikiriçe, Täjigistanyň energetikasyny ösdürmegiň häzirki zaman şertlerine laýyk gelýän alternatiwalary we olaryň tebigata hem-de jemgyýete ýetirýän täsirlerini deňeşdirmän, Wahş derýasynyň üstünde ýerleşýän Rogun GES-iň optimal gurluşyk çözgüdini kabul etmek mümkin däl. Bu mesele seljerilmezden, taslamanyň 6,4 milliard dollara barabar bolan ägirt uly maýa goýumyndan mümkin boldugyça ýokary girdeji almak hem-de töwekgelçilikleri azaltmak mümkin däldir.
Ekologlaryň hasabatynda, Rogun GES-iň iň belent bendi gurmak ýaly maksimal wariantda doly tamamlansa-da (häzirki wagtda bu wariant Bütindünýä Bankynyň ýolbaşçylar geňeşinde seljerilýär), taslamanyň öňünde goýlan esasy meseleleriň çözülmejekdigi nygtalýar.
Hususan-da, Täjigistanda elektrik energiýasynyň yzygiderli kesilmegi (wagtlaýyn öçürmeler) azyndan 2036-njy ýyla çenli dowam eder. Maksimal göwrümli suw howdanynyň döredilmegi bolsa, Rogun GES-iň aşak akymyndaky ÝUNESKO-nyň dünýä mirasy bolan «Tigerow Balkanyň tugai tokaýlary» goraghanasyna, Wahş derýasyndaky nesli ýitip barýan balyklaryna hem-de Täjigistan, Özbegistan, Türkmenistan we Owganystandaky 7 milliondan gowrak adamyň irrigasiýa ekerançylygyna dolulygyna garaşly bolan bereketli düzlüklere uly howp döredip biler.
Hasabatda, şeýle negatiw ssenariýadan gaça durmagyň mümkinçiligi bilen bagly anyk subutnamalar görkezilýär. Rogun GES-iň bendiň beýikligini 70 metr peseltmek we taslama serişdeleriniň bir bölegini täzelenip bilýän energiýa, hususan-da, Gün energiýa desgalaryna gönükdirmek bilen, ykdysady, durmuş we ynsanperwer ýitgilere ep-esli derejede ýol bermezlik mümkin. Meselem, bendiň beýikligini azaldyp gurmak arkaly, takmynan, 40 müň ýerli ýaşaýjyny göçürmekden gaça durup bolar we häzirki wagtda meýilleşdirilýän göçürmeleriň diňe üçden bir bölegini amala aşyrmaly bolar.
«Serhetsiz Derýalar» koalisiýasynyň deslapky bahalandyrmalary, Täjigistanda iri Gün energiýa stansiýalarynyň ösdürilmegi we Rogun GES-iň kiçi göwrümde tamamlanylmagy bilen, 2030–2031-nji ýyllara çenli gyş aýlaryndaky energiýa ýetmezçiligini dolulygyna ýatyrmagyň mümkinçiligini görkezýär.
Mundan başga-da, Täjigistanyň bir bitewi energiýa ulgamynda energiýa çeşmeleriniň köpdürlüleşdirilmegi, energetika we ykdysadyýet üçin töwekgelçilikleri azaltmaga we howanyň üýtgemelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga kömek eder.

Ýene-de okaň

Marokkoda Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi

Putin: Russiýany ykdysadyýetde Ýewropada 1-nji orunda goýýarlar

Türkmen wekiliýeti Malaýziýanyň milli habarlar agentligine baryp gördi

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

2024-nji ýylda türkmen-rus hyzmatdaşlygy

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň Aşgabada sapary