SPORT

Real Madrid topary Karim Benzemanyň gidýändigini habar berdi

Hüjümçi Karim Benzema möwsümiň ahyrynda Real Madrid toparyny terk eder. Bu barada klubyň resmi web sahypasy habar berýär.

“Karim Benzema 2009-njy ýylda bary-ýogy 21 ýaşyndaka Real Madride goşuldy. Taryhymyzyň bu altyn asyrynda ol örän möhüm oýunçydy. 14 möwsümde nyşanymyzy gorady, 25 baýraga eýe boldy, Real Madrid üçin rekord mukdarada bolan : bäş Çempionlar ligasynyň kubogy, bäş klub dünýä çempionaty, dört Ýewropa Super kubogy, dört La Liganyň kubogy, üç Kopa del Reý we dört Ispaniýa Super kubogyny gazandy.

Karim Benzema biziň formamyzy iň köp geýen 5-nji oýunçyydyr, ol 647 oýun oýnan, we Realyň taryhynda 353 gol bilen 2-nji bombardir futbolçy bolup durýar.

Karim Benzemanyň Real Madriddäki karýerasy, klubumyzyň gymmatlyklaryny görkezýän özüni alyp barşyň we ussatlygyň mysaly boldy. Karim Benzema geljegini kesgitlemek hukugyna eýe boldy.

Madrid topary we dünýäniň ähli muşdaklary onuň klubumyzyň we dünýä futbolymyzyň iň beýik ussatlarytnyň birine öwrülen jadyly we täsin futbolyndan lezzet aldylar.

“Real Madrid hemişe onuň öýi bolupdy we hemişe bolar we oňa we tutuş maşgalasyna durmuşynyň bu täze döwründe üstünlik arzuw edýär ” diýip Ispaniýanyň klubynyň beýanynda ýazyldy.

Ýene-de okaň

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi

«Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygynda stadiondaky oturjak ýeriňizi çalt tapmagyň tertibi

Ata Watan Eserleri

Italiýada XXV Gyşky Olimpiýa oýunlary badalga aldy