SPORT

“Real Madrid” Holland bilen gyzyklanýar

Şu ýyl tomusky transfer möwsüminde Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyñ esasy maksady Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynda çykyş edýän zehinli, ýaş oýunçy Erling Holandy öz düzümine goşmak isleýär diýip, Ispaniýanyñ “Marca” saýty habar berýär.

“Real Madrid” toparynyñ berýän käbir maglumatlaryna görä, “Realyñ” ýolbaşçylary hüjüm depgini has güýçlendirmek isleýärler we birnäçe oýunçylar bilen ýakyndan gyzyklanýarlar. Olaryň arasynda Italiýanyň “Inter” toparyndan Lautaro Martines, Germaniýanyň “Leýpsig” toparyndan Timo Werner hem-de 19 ýaşly oýunçy Erik Holland hem bar. Madridliler Fransiýanyň PSŽ toparynyñ oýunçysy Killian Mbappe öz düzümine goşmak islediler. Ýöne PSŽ toparynyñ ýolbaşçylary bu futbolçyny satmakdan ýüz öwürdi. Holand “Borussiýa” toparyna 2020-nji ýylyñ gyşynda goşuldy we 11 duşuşykda oýnap, 12 gezek tapawutlanmagy başardy.

Ol Çempionlar ligasyndaky görkezen oýny bilen futbol janköýerleriniň hem-de futbol ýolbaşçylarynyň ünsüni çekipdi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi