SIZDEN GELENLER

Pyýada ýöremegiň  7 peýdasy

         Arassa howada pyýada ýöremek,tebigata  syn etmek, adamy köp zatlar hakda oýlanmaga, durmuşyň kynçylyklarynda iň dogry  ýoly  tapmaga ugrukdyrýar. Ruhuňy göterip, göwnüçökgünligi ýeňip geçmäge kömek edýär. Şeýle-de  pyýada ýöremek döredijilik pikirleriniň döremegine hem itergi berýär. Dem alyş organlarynyň işjeňligine oňyn täsir edýär.  Bu bolsa öz gezeginde allergenlere çydamlylygy ýokarlandyrýar. Ömri uzaldýar. Yzygiderli pyýada ýöremek akyl dynçlygy bilen birlikde fiziki ýadawlyga sebäp bolýar.Netijede  nerwleri köşeşdirip, rahat we doýup uklamaga şert döredýär.Pyýada ýöremegiň birnäçe peýdasy bar we  olardan esasysy 7 sany :

  • Günde 4 gezek, 10 minut pyýada ýöremegi endik etseňiz, gan basyşyňyz kadaly bolar.
  • Günde 120 ädim ýygy-ýygydan ädim ätseňiz, 15 minutda 100 kkal.dan halas bolýaňyz.!  Ine, horlanmagyň arzan we aňsat usuly!
  • Aladaly  iş gününiň “kynçylyklaryndan” dynmak isleýärsiňizmi? Onda  her gün bary-ýogy 20 minut pyýada ýöräň.  Netije sizi,  hakykatdanam begendirer.
  • Arassa howada, ýagyşly günlerde ýeke ýa-da kalbyňyza  ýakyn ynsan  bilen bary-ýogy 25 minut ýöreseňiz, süýji ýatlamalary ýada salarsyňyz, kalbyňyz täze we gözel arzuwlar bilen dolar.  Netijede, özüňizi bagtly duýarsyňyz.
  • Göwnüçökgünligi ýeňip geçmek üçin wagtyňyzy aýamaň!  Ýitirjek zadyňyz yok? Bary – ýogy   35 minutlyk arassa howada pyýada ýöreseňiz ýeterlik!
  • ABŞ-ly alymlar 45 minut dowamynda marafonda  ýaryşa  gatnaşyjylaryň 50 göteriminiň sowuklamany  ýeňip geçendigini belleýärler.  Sebäbi ýöränimizde mikroblar we wiruslar ejizleýär.  Şonuň üçin şu günler gezelenç etmegi ýatdan çykarmaň!
  • Alymlarynyň  anyklamalarynyň netijesinde her gün 1 sagat pyýada gezelenç eden  adamlaryň ýürek kesellerine  seýrek duçar bolýandyklaryny  aýtýarlarlar.

Umuman pyýada ýöremek adam saglygy üçin  öran peýdaly we zeruzdyr.Indi sen hem pyýada ýöre!  Sagdyn bol!  Zehinli  bol!  Üstünlik gazan!

 

                                                                                                         

  Joşgun  Hajyýew,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 

Agronomçylyk fakultetiniň talyby

 

Türkmenistan Londonda maýa goýum forumyny geçirer

 

 

                                                                                                                                          

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika