Hormatly Prezidentimiziň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Mundan başga-da, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi.
Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralaryň çäklerinde Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasy bolar. Aşgabadyň günorta böleginde gurlan belent ýadygärlik türkmen halkynyň akyldar şahyryň we filosofyň ömrüne hem-de döredijilik mirasyna goýýan çuňňur hormatynyň nyşanydyr. Milli Liderimiziň teklibi esasynda bu toplumyň çäginde daşary ýurtlaryň meşhur şahsyýetleriniň, görnükli ýazyjy-şahyrlarynyň we söz ussatlarynyň heýkelleri oturdylar. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň eserlerinde beýan edilen halklaryň dost-doganlygynyň we hoşniýetli goňşuçylygyň dabaralanýandygynyň güwäsi bolar.
Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň şygyrlary täzeçe öwüşginde ýaňlanyp, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň nyşanyna öwrüldi. Beýik akyldar şahyryň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdyr we dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Onuň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar.
Häzirki wagtda türkmen halkynyň beýik söz ussadynyň dabarasy dag aşdy. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalary tarapyndan, eýýäm geçen ýyldan başlap, Türkiýede, Azerbaýjanda, Gruziýada, Ukrainada, Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Rumyniýada, Russiýada, Koreýa Respublikasynda, Ermenistanda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Ýaponiýada, Eýranda, Pakistanda, Hindistanda, Germaniýada, Ispaniýada, Beýik Britaniýada ylmy maslahatlar, döredijilik hepdelikleri, duşuşyklar, filmleriň we wideoşekilleriň görkezilişleri, edebiýat agşamlary, bäsleşikler guraldy.
Şeýlelikde, akyldar şahyra bagyşlanyp geçirilýän çäreler we meýilleşdirilen baýramçylyk dabaralary beýik söz ussadynyň şöhratyny artdyrmaga, döredijiligini dünýä jemgyýetçiligine has giňişleýin tanatmaga mümkinçilik berýär.
Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dünýäniň dürli ýurtlarynda dokumental filmleri surata düşürmek işini dowam edýär. Ýaňy-ýakynda türkmen kinematograflaryndan ybarat topar Gazagystan Respublikasynda we Gyrgyz Respublikasynda saparda bolup, dokumental filmi ýazgy etdiler. Umuman, Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Özbegistanda, Azerbaýjandam Eýranda, Türkiýede we Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynda dokumental filmleri surata düşürdiler.
Lalejan Nowbatowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk fakultetiniň
Kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.