SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Plastiki hirurgiýa ugry boýunça saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibi tassyklandy

Plastiki hirurgiýa ugry boýunça saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibini tassyklamak hakynda Buýruk kabul edildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň  2023-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda çykaran 499 belgili Buýrugy, bilen Plastiki hirurgiýa ugry boýunça saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibi tassyklandy.

Eýsem Plastiki hirurgiýa näme?

Plastiki hirurglar tarapyndan üpjün edilýär we aşakdaky çärelerdir :

1) ösüş, şikesler we olaryň netijeleri, keseller we hirurgiki çäreler, şol sanda ýatrogen kemçilikler, şeýle hem plastiki hirurgiýa rekonstruksiýa usullaryny ulanmak bilen el-aýaklaryň, olaryň segmentleriniň we fragmentleriniň, şeýle hem adam bedeniniň beýleki bölekleriniň trawmatiki amputirlenmesi, nesil yzarlaýan we dogabitdi näsazlyklar ýaly sebäpler arkaly döräp biljek islendik lokalizasiýanyň bitewi we esasy dokumalarynyň anatomiki we (ýa-da) funksional kemçiliklerini ýok etmek;

2) adam bedeniniň islendik ýerleriniň anatomiki gurluşlarynyň daşky görnüşini we gatnaşyklaryny belli bir hassanyň umumy kabul edilen estetiki ülňülerine we pikirlerine laýyklykda üýtgetmek, şol sanda ýaş bilen baglanyşykly üýtgeşmeleri, anatomiki we (ýa-da) funksional kemçilikleri ýok etmegiň netijelerini düzetmek we (ýa-da) adamyň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga sebäp bolup biljek plastiki hirurgiýanyň kömegi bilen edilip bilinjek islendik lokalizasiýanyň bitewi we esasy dokumalarynyň funksional kemçilikleri aradan aýyrmaklyk;

3) kliniki maslahatlara laýyklykda lukmançylyk kömegini bermek.

 

Plastika hirurgiýa bölüminiň plastiki hirurg lukmany wezipesine, saglygy goraýyş ugry boýunça ýokary hünär okuw mekdebiniň “bejeriş işi” ýa-da “pediatriýa” fakultetini tamamlap ýokary bilimi alan we plastiki hirurgiýa ugry boýunça internaturany ýa-da kliniki ordinaturany geçen hünärmenler bellenilýär.

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan we Ýaponiýa göni howa gatnawlary barada maslahat etdi

Astrahan Türkmenistan bilen uçar gatnawlaryny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

“S7” awiakompaniýasy Moskwa-Aşgabat-Moskwa ugry boýunça howa gatnawlary ýerine ýetirip başlady

Aşgabat-Stambul-Aşgabat gatnawynda bilet arzanladyşy

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasy bir hepdelik wiza resmileşdirmegi togtadýar

Türkmen lukmanlary halkara tejribesini artdyrýarlar

Ata Watan Eserleri