ATAWATAN ESERLERİ

Pişijek bilen gyzjagazyň gürrüňi

Bu günlükçe öýüň işlerini boldum edip, çagalarymy ýuwundyryp düşege geçirdim. Uluja gyzym ýerine geçip-geçmänkä «Eje, erteki aýdyp beräýiň-dä?» diýip, gündeki haýyşyna başlady. Ukym gelip duransoň, ony hem ýatyrjak bolup hernäçe özelensemem, ol «Erteki, erteki. Häli günortan ýatamda-da agşam aýdyp bererin diýdiňiz-ä! Aýdyp beräýiň-dä, özüňiz-ä ýalan sözlemeli däl diýýäňiz» diýip, asyl özüňi utandyryp barýar. Menem, näme, beren sözümde durjakdan bolup erteki aýdyp başladym. Gyzym sözümi böldi:

— Eje, erteki gyzjagaz hemem pişijek hakda bolaýsyn (Ol hemişe diňlejek ertekisiniň gahrymanlaryny özi saýlaýar).

— Bolýa, gyzym.

Uzakly gün öýüň hysyrdysyndan ýaňa halys surnugyp, gözüm bürlüp dursa-da, «Çagaňyzyň sizi diňlemegini isleseňiz, sizem olary diňlejek boluň» diýleni ýadyma düşüp, wagt ýitirmezden erteki aýdyp bermäge girişdim. Gyzjagazlarymyň üçüsiniňem geljekde akylly-başly, mähirli, iň esasy hem mydama söýüp hem söýlüp ýaşamaklaryny ene ýüregimden arzuw edip, ertekimi şunuň bilen baglamaga çalşardym. Bu gezegem nowbahar gyzjagazymyň gahrymanlaryny ertekime girizip, gürrüň bermäge başladym…

— Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym zamanlarda däl-de häzirki zamanda bir gyzjagaz bilen bir pişijek bar eken. Gyzjagaz hemişe pişijegiň ýanyna baryp, onuň bilen gürleşip oturýar eken:

«Ejem, maňa bu gün ýene käýedi… «Ah, sen ýakymsyz, öýleri bulam-bujar edipsiň. Şu ýere nan owuntyklaram gaçyrypsyň! Suwam döküpsiň. Ejeňe sähelçe haýpyň gelenokmy?.. Onam etmänsiň, munam etmänsiň. Geýen eşikleriňi tertipläbem goýmansyň!» diýdi» diýip, ol dodagyny çömmeldip, aglamjyrap sözüni dowam etdi. «Men ejemi halamok, şoň üçinem ind-ä hijem oň diýenini etjek däl. Günde, günde işe gidýä, gelibem gaharlanýa. Men ejemiň gelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýan ol bolsa gele-gelmäne gaşlaryny çytyp, gykylyklap başlaýa. Gaýtam, Jereniň ejesi meni gowy görýä. «Gel köşegim» diýip, maňa hol gün bally köke-de berdi. Özem maňa ejemiňki ýaly edip gygyranok. Şoň üçinem meň öýe barasym gelenok, men seň ýanyňda galjak, pişijek. Eşidýäňmi meni?» diýipdir.

Pişijek diýýänim ýöne-möne pişik däl eken. Ol juda akylly eken. Ol gyzjagaza ejesiniň onuň üçin iň mähriban adamdygyny düşündirjek bolupdyr, ol bolsa muňa gulak gabartmandyr. Gaýtam, ol:

«Pişijek senem ejem ýaly şol bir sözi gaýtalap dursuň: «Ejeler iň mähriban adamdyr, ejeň diýenini etmeli. Ejeň diýenini etmeseň gowy bolmaz, garaz, şuňa meňzeşler». Şonda pişijek gyzjagazy yzyna tirkäp, bir agajyň ýanyna eltipdir. Şol ýerdenem bir jadyly aýna çykaryp, gyzjagaza bir gyzykly zat görkezjekdigini aýdypdyr.

Şol barmana aýnanyň ýüzünde şubela aglaýan bäbejik peýda bolupdyr. Ejesi bolsa balasyny diňdirjek bolup, gijäň ýarynda hem hüwdi aýdýarmyş, hem gözüni ýaşa dolduryp, Ýaradandan dileg edýärmiş (Öňler eneler munça doga-dilegleri nädip ýat tutýarka diýsem, asyl ol dilegler olaryň ýürekden çykýan öz sözleri eken. Men muňa eje bolamsoň göz ýetirdim).

«Bu kim?» diýip, gyzjagaz pişijekden sorapdyr. Olam «Sen we ejeň» diýip jogap beripdir. «Waý, bu bäbegiň köp aglaýşyny, hany başgarak ýerini göreli-le. Aglap, aglap, ýadatdy bu-ýa». Pişijek aýnany çalaja yralapdyr welin, bäbejigiň öňküsinden ulalan döwrüni görkezip başlapdyr. Şol bäbejik entegem aglaýar, indi ýöräp bilýänem bolsa, ýöremejekdigini aýdyp, uzak-uzak aralyklaram ejesiniň arkasyna hopba bolup barýar. Bu ýagdaý günüň-güni gaýtalanýar. Ejesinden öň ýerine geçip ýatmak bilen bolýar, diňe ejesi gyzynyň başyny alyp oturýar. Bu gezek gyzjagazyň ejesine birneme rehimi inýär, ýöne barybir ejesiniň özüne käýeýändigini aýdyp, hötjetligine tutýar…

Aýnada ejesi peýda bolýar. Depäňi deşip barýan yssy howa ejesi bolsa şol yssyda gyzynyň sargan gurjagyny alyp, bazardan gelýär.

Gyzjagazyň näme üçindir ejesiniň bu gezekki keşbine hasam nebsi agyrýar. Mydam goh turuzýan, gykylyklaýan, igenýän enäniň ornuny mähriban ynsan eýeleýär. Gözüne ýaş aýlanýar. Pişijek aýnaňy ýygnaý, meň keýpim gaçdy. Men indi ejemiň diýenini ederin. Ýadaw gelen wagty elimden gelýänje işlerine kömek ederin diýýär. Şonda pişijek «Soňam gyzjagaz, sen bir zady ýatdan çykarma, sen ejeňi kemsiz-köstsüz bolany üçin däl-de, onuň saňa iň mähriban ynsan bolany üçin eý görýänsiň» diýýär. «Şujagazam bir gör, soň gaýdarys» diýip, gyzjagaza towakga edýär.

Aýnada indi ýaşy durugşan ene peýda bolýar-da, gapyny kakýar. Gapyda uzyn boýly gyz peýda bolýa.

«Bu kim?»

«Bu sen. Talyp döwrüň. Umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýaň. Ejeň seň gowy görýän ak şugundyryňy gaýnadyp getiripdir».

«Ýekeje şugundyr üçin şonça ýol geçip, okuwyma gelipdirmi?» diýýär gyzjagaz.

«Ah, ene bolan özüň bolma diýýäкler ahyry. Olaryň söýgüsi şeýlebir çäksiz welin, ol käte akyla-da sygmaýa. Dogrusy, söýgi bilen akylyň bir-birine çapraz gelýän wagtlary az däl…

«Söýgi näme bolýa?» diýýä ýene gyzjagaz..

«Kemine-köstüne garaman, Biribaryň ýaradan ähli janly barlygyny gowy görmegi başarsaň, ynha, şol söýgi bolýa. Muňa sen dura-bara has-da gowy düşünersiň…

Gyzjagaz şeýdip öýüne dolanýar…

Ejesi gapydan girenden:

«Eje, eje men sizi şeýle gowy görýän. Sizem meni gowy görýäňizmi? Meni bagyşlaý-da, eje diýýär. Meni bagyşlarmyň hä… (Şeýle diýmegi oňa pişijek öwredýär).

«Ah, balam, dünýäde bagyşlamakda enelerden öňe geçýän ýokdur. Bilýän, siz bilen has köp wagt geçirmeli halyma gidip işlemeli bolýan, ýöne bar zadyň gül ýaly boljagyna ynanýan. Senem meni bagyşla, gyzym. Käte seň heniz çagadyňy unudyp, senden kän zada garaşýan… Ýadawlykdan ýaňa ejizläp, gaharlanýan saňa…

Şunlukda, ejesi gyzyny bagryna basýar. Gyzjagazyň gözi ýaşa dolýar we ejesini mydama begendirmäge çalyşjakdygyna öz-özüne söz berýär. Ertekimiz tamam boldy.. — diýip, ertekimi tamamladym etdim.

— Eje, «bagyşlamak» diýdiňiz-ä, ana, şo näme bolýa? — diýip, gyzym ýene öz sowallaryna başlady. «Bagyşlamak» bilen «söýgini» berk baglanşykly göremsoň, onuň ýaşynyň kiçidigini hem unudyp, oňa şeýle diýdim:

— «Bagyşlamak — söýginiň kämil derejesidir» diýdim-de, soňam ol indiki soragyna geçmänkä, ondan öňürdip, ýatmagyny talap etdim.

Ol gözlerini ýumup, ýatmaga hyýallandy. Menem günümiň şowly geçenine hemem gyzymyň raýyny ýykmanyma monça bolup, ertirki günümiziň hem sag-salamat geçmegini diläp, süýji uka gitdim.

 

Tawus Kakaýewa,

“Dünýä edebiýaty” žurnalynyň bölüm redaktory

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Okap bilersiňiz  “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi :RedMi 7A Size garaşýar!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

 

 

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri