SPORT

Peýj Greko Paralimpiýanyň ilkinji altyn medalyny gazandy

Awstraliýaly welosiepdçi Peýj Greko Ýaponiýanyň Tokio şäherinde dowam edýän Paralimpiýa oýunlarynda ilkinji altyn medaly gazanan türgen boldy. Ol ýapyk binalarda trek ýaryşynda 3000 metrlik aralygy birinji bolup geçmegi başardy.

Şeýlelikde, ol Paralimpiýanyň ilkinji ýeňijisi boldy. Şeýle hem türgen bu aralygy 3 minut 50,815 sekuntda geçip, täze dünýä rekordyny goýdy.

Bu ugurda ikinji rny hytýaly Wan Sýaomeý, üçünji orny germaniýaly Deniz Şnaýder eýeledi.

24-nji awgustda badalga alan Paralimpiýa oýunlary 5-nji sentýabra çenli dowam edýär. Umuman, tomusky Olimpiýa oýunlarynyň yzysüre Paralimpiýa oýunlary hem geçirilýär. Bu oýunlara şikesli türgenler gatnaşýar. 1988-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär.

“Sputnik V” sanjymyny bellige alan 70-nji ýurt

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi