DÜNÝÄ

Pen Liýuandan Ogulgerek Berdimuhamedowanyň adyna gelen hat

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň maşgalasy

hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa

Gadyrly Ogulgerek Berdimuhamedowa!

Iberen hatyňyz hem-de agtyjagyňyz Aýjereniň taýýarlan sowgady üçin hoşallygymy bildirýärin. Panda gurjajygyny şekillendirýän bu ajaýyp we nepis el işi maňa örän ýarady. Türkmenistanda halyçylyk sungatynyň tanymal ussady hökmünde Siz bu deňi-taýy bolmadyk amaly-haşam sungatynyň nusgasyny aýawly saklamak we ösdürmek üçin uly tagallalary edýärsiňiz. Siziň mähriňiz, söýgiňiz bilen gurşalan agtyjagyňyzyň milli sungaty dowam etdirýändigi örän guwandyryjydyr.

Geçen ýylyň oktýabrynda Hytaýyň Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp, ajaýyp eserleri synlan, şeýle hem opera artistleriniň çykyşlaryny diňlän pursatlarymyzy ýakymly duýgular bilen ýatlaýaryn.

Hytaý we Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen iki gadymy siwilizasiýalardyr. Biziň halklarymyzy köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary baglanyşdyrýar.

Siziň bilen dostlugymyza ýokary baha berýärin we ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda Siziň bilen mundan beýläk-de tagalla etmäge taýýardyryn.

Şu hat bilen birlikde, Siziň agtyjaklaryňyz üçin sowgatlary ibermek hormatyna eýedirin. Size hem-de Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, ähli gowulyklary arzuw edýärin.

Pen Liýuan,

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň maşgalasy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri