SIZDEN GELENLER

Paýtagtymyzyň ajaýyp “Ylham” seýilgähine gezelenç

Diýarymyzyň gözel paýtagtynda ajaýyp künjek — “Ylham” seýilgähi bar. Ol ýerde heýkeller ýaşaýar. “Ylham” seýilgähi paýtagtymyzyň meşhur türkmen şahyrlarynyň we ýazyjylarynyň hormatyna atlandyrylan şaýollaryny we seýilgählerini, köçelerini we köçejiklerini birleşdirip, Aşgabadyň taryhy merkezinde orun alandyr. Görogly we Magtymguly şaýollary, Azady we Mäti Kösäýew köçeleri göýä bir merjen monjuga düzülen ýaly, bitewi bir şahyrana akymy emele getirýär.

Açyk asmanyň astynda ýerleşýän özboluşly taryhy-çeperçilik muzeýde kyrkdan gowrak heýkel jemlenendir. Olary döretmek üçin ýurdumyzyň ussat ýaşuly hem-de täze başlan heýkeltaraşlarynyň otuza golaýy işlediler. Olaryň döredijiligi häzirki zaman şekillendiriş sungatynyň dürli-dürli ugurlaryny öz içine alýar.

“Ylham” seýilgähinde gezelenç etmek diňe bir tebigat bilen sessiz sözleşmekden lezzet almaga däl, eýsem, türkmen topragynyň şöhratly ogullary bilen “duşuşmaga”, bir söz bilen aýdylanda, uzak we ýakyn taryha aralaşmaga mümkinçilik berýär.

XX asyryň ýazyjylaryna, şahyrlaryna we dramaturglaryna  bagyşlanan alleýa hem sazlaşykly görnüşi bilen tapawutlanýar. Onuň iki tarapynda Nurmyrat Saryhanowyň, Beki Seýtäkowyň, Berdi Kerbabaýewiň, Aman Kekilowyň, Ata Gowşudowyň, Kerim Gurbannepesowyň, Nury Baýramowyň, Gurbannazar Ezizowyň, Gara Seýitliýewiň, Nazar Gullaýewiň, Ýylgaý Durdyýewiň, Aşyrberdi Kürtüň, Mämmet Seýidowyň, Berdinazar Hudaýnazarowyň, Annaly Berdiýewiň, Allaberdi Haýydowyň heýkelleri ýerleşdirilipdir.

                                                                                                Arzuwgeldi Kulyýew,

TOHU-nyň mugallymy.

 

“Talyp gözeli – 2022” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi

Ýene-de okaň

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy

Iňlis dili – halkara dil

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragy — beýik hormata mynasyp ussat

Ýylymyzyň şygary — kalbymyzyň şatlygy