MEDENIÝET

Pandemiýa döwründe iň köp girdeji gazanan film

Piter Parker ady bilen meşhurlyk gazanan “Möý adam” filminiň nobatdaky täze bölümi iň köp girdeji gazanan hem-de iň köp tomaşa edilen filmleriň biri boldy. “Möý adam: Öýe ýol ýok” atly film kinoteatrlarda tomaşa edilip başlandan soňra geçen 12 günüň dowamynda dünýä prokatynda 1 milliard dollar girdeji gazandy. Bu barada “Hollywood Reporter” neşiri habar berýär.

Şeýlelikde, Tom Hollandyň baş keşpde oýnan filmi koronawirus pandemiýasy başlandna bäri 1 milliar dollar girdeji gazanan ilkinji kino film boldy.

Neşiriň bellemegine görä, “Möý adam” filmi 1 milliard dollarlyuk girdeji sepgidine iň çalt ýeten 3-nji film boldy. Bu ýokary girdeji sepgidine iň çalt ýeten filmler – “Ýyldyz söweşleri:güýjüň oýanmasy”, “Ar alyjylar: final” (5 günde) hem-de “Ar alyjyar:gutarmaýan söweş” (11 günde).

“Sony” studiýasy üçin “Möý adam” filminiň täze hekaýasy Amerikanyň bazarynda iň girdejili filmleirň biri boldy. Onuň girdejisi 405.5 million dollara deň boldy.

Şeýle hem, “Möý adam: öýe ýol ýok” filmi kino sungatynyň taryhynda 1 milliard dollar girdeji toplan 49-njy film boldy.

 

Türkmenistanda neşe serişdelerini ýok etmek çäresi geçirildi

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri