JEMGYÝET

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz Özbegistanyň geljek ýylda-da Garaşsyzlygyny, döwletliliginiň esaslaryny, hukuk ulgamyny has-da berkitjekdigine, milli ykdysadyýetini okgunly ösdürjekdigine, durmuş ulgamynyň işini kämilleşdirjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri goňşy ýurduň döwlet Baştutanynyň 26-njy dekabrda Özbegistanyň parlamentine we halkyna ýüzlenmesinde 2026-njy ýyly «Mahalleleri ösdürmek we jemgyýeti özgertmek ýyly» diýip yglan etmeginiň ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, şeýle çözgüdiň kabul edilmegi özbek jemgyýetiniň milli bähbitlerine, zerurlyklaryna we mümkinçiliklerine laýyk gelip, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistanyň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny sazlaşykly ösdürmegi maksat edinýän syýasy ugruny netijeli dowam etdirmäge gönükdirilendir.

Gahryman Arkadagymyz özbek Lideriniň taryh üçin gysga döwrüň içinde bu ugurda uly işleri durmuşa geçirendigini we muňa anyk netijeleriň güwä geçýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri 2025-nji ýylyň makroykdysady görkezijilerini mysal getirip, Özbegistanyň jemi içerki önüminiň 145 milliard amerikan dollaryndan geçendigini, munuň ýurduň ykdysady ösüşiniň möhüm görkezijisidigini nygtady.

Bellenilişi ýaly, geljek ýylda garaşylýan 6,6 göterim möçberindäki ykdysady ösüş depgini ýurduň döwlet Baştutanynyň Özbegistany ýakyn ýyllarda girdejisi ortadan ýokary bolan döwletleriň hataryna goşmak boýunça öňde goýan maksadyna ýetmekde ynamly öňe barýandygyny subut edýär. Şeýle-de Özbegistanyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, lukmançylyk, sport, ekologiýa ulgamlaryny ösdürmekde gazanan netijeleri kanagatlanma bilen nygtaldy.

Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki wagtda Türkmenistanyň hem okgunly ösýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Gündogar müçenamasy boýunça geljek ýylyň ýylky ýylydygy bilen baglylykda, Türkmenistanda 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edildi. Geljek ýylyň şygarynda ýurdumyzyň bedew bady bilen täze belentliklere tarap ynamly öňe barýan ösüşleri öz beýanyny tapýar.

Özbegistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň okgunly ösüşine ýokary baha berdi.

Ýene-de okaň

Astana şäherinde sürüjisiz taksi taslamasy 2026-njy ýylda işe giriziler

Türkmenistan 2026-njy ýyldaky sammitleriň gün tertibine suw meselesini girizmegi maksat edinýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Özbegistanyň Prezidentiniň telefon söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkmenistanyň Prezidentine gutlagy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti: Täze ýyl baýramçylygy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir