Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 23-25-nji ýanwarda Hytaý Halk Respublikasynda döwlet saparynda bolar. Bu barada Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň resmi wekili Hua Çunin habar berdi.
– Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça 23-25-nji ýanwarda Hytaýda saparda bolar – diýip, Hua Çunin belläp geçdi.
Hytaý Özbegistanyň iri söwda hyzmatdaşydyr. 2023-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygy 44,9 göterim artyp, 14 milliard dollara barabar boldy.
