DÜNÝÄ

Özbegistan Prezidentiniň ýörite wekili bilen duşuşyk

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahatyna gatnaşmaga gelen Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk Geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Özbegistan Prezidentiniň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda türkmen-özbek ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek meselesiniň giň gerimi, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalar boldy.

Döwletara gatnaşyklaryň çuňlaşmagyna goşant goşýan iň ýokary derejede ikitaraplaýyn saparlaryň ähmiýeti bellenildi.

Hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berildi we sebitde we onuň daşynda howpsuzlygy, durnuklylygy we durmuş-ykdysady ösüşi goramakdaky garaýyşlaryň meňzeşligi tassyklandy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri