Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Dewid Kemeron Täjigistandan we Gyrgyzystandan soňra Özbegistanda saparda boldy. Ol Daşkente amala aşyran saparynyň çäklerinde Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşdy.
Saparyň dowamynda geçirilen gepleşikleriň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça beýannama hem-de halkara we sebit aragatnaşyklary we infrastrukturalary boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekdiler.
– Gepleşiklerimiz örän peýdaly boldy. Bu hem ähli ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda möhüm wezipeleri kesgitlemäge mümkinçilik berdi – diýip, özbek ministri belledi.
Onuň bellemegine görä, esas üns ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirildi. Özbegistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy britan tarapynyň bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek babatdaky taýýardygyna ýokary baha berýändiklerini belledi.
Dewid Kemeron bu saparyny Merkezi Aziýa we Mongoliýa amala aşyraýan resmi saparynyň çäklerinde ýerine ýetirdi. Ol eýýäm Täjigistanda we Gyrgyzystanda bolup, bu ýurtlaryň Prezidentleri Emomali Rahmon we Sadyr Žaparow, şeýle hem özüniň täjik we gyrgyz kärdeşleri bilen duşuşdy.

