BIZNES

Owganystan Türkmenistandan satyn alýan elektrik togunyň möçberini artdyrmakçy

Owganystanyň  “Da Afghanistan Breshna Sherkat” kompaniýasy Türkmenistandan elektrik üpjünçiligini 110 MWt-dan 220 MWt-a çenli ýetirmegi maksat edinýär. «Ariana News» habarlar gullugynyň habaryna görä, bu barada «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň işgärleri bilen owgan wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşigiň barşynda pikir alşyldy.

Türkmenistandan «Hyrat Nur-ul-Jihad» bekedine elektrik toguny ibermek taslamasy ilatyň ýaşaýyş durmuşyny gowulandyrmakda möhüm taslama. Bu taslama demirgazyk-günbatar sebitde elektrik togy bilen baglanyşykly meseleleri çözer. Owgan tarapy bu möhüm taslamanyň gyssagly durmuşa geçirilmegini goldaýar diýip, DABS (Da Afghanistan Breshna Sherkat) kompaniýasy resmi beýanatynda belleýär.

Ýeri gelende bellesek, birnäçe maýa goýujylar Hyratyň ösen senagat we möhüm ulag-logistika merkezi bolan welaýatdygyny belleýär.Welaýatda Owganystanyň esasy gury portlarynyň ikisi ýerleşýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder