MEDENIÝET

Oskaryň taryhynda ilkinji gezek

Dünýä sungatynda we medeniýetinde iň abraýly baýraklarynyň biri bolan Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň dört aý yza süýşürilmegine garaşylýar. Bu baýrak şu gezek 93-nji gezek gowşurylýar. Oskar baýragynyň taryhynda bu dabara iki gezek, ýagny, 1938-nji we 1968-nji ýyllarda yza süýşürildi.

Ählimize mälim bolşy ýaly, Oskar baýragy her ýylyň başyna gowşurylýardy. Emma 2021-nji ýylda geçiriljek Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasy indiki ýylyň maý aýynyň ahyryna, iýun aýynyň başyna geçirilmegine garaşylýar.

Dünýädäki koronawirus ýokanjynyň birnäçe kinolaryň çykmagyna böwet bolandygyny göz öňüne tutup, bu baýragyň gowşurylyş dabarasynyň yza süýşürilmegine garaşylýar — diýip, «Sun» gazetinde aýdylýar.

Gurnaýjylar bu meseleler barada özara maslahat etmegini dowam edýär we bu barada birnäçe gepleşikleri alyp barýarlar. Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň anyk senesi ýakynda belli bolar.

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri