Häzirki wagtda adamlar gülleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar hem-de bu ugur bilen içgin gyzyklanýarlar. Özünde uly gyzyklanmany döredýän hem-de meşhurlyga eýe bolan orhideýa güli bolsa dürli görnüşlerde, ajaýyp sazlaşygy emele getirýän gülleri bilen ösüp ýetişýändigi sebäpli bu günki gün ol ençeme adamlaryň öýleriniň penjirelerinde, iş ýerlerinde bezeg görnüşinde goýýan söýgüli gülleriniň birine öwrüldi. Şeýle meşhurlygyň sebäbi nämekä? Onuň esasy sebäbi bu gülüň haýran galdyryjy görnüşi, bezeg aňsatlygy hem-de uzak gülleýän döwri bolup durýanlygydyr.
Orhideýa ösümliginiň tebigy mekany Demirgazyk-Gündogar Awstraliýanyň, Günorta-Gündogar Aziýanyň we Filippinleriň çygly düzlükleri we dag tokaýlarydyr. Ol ilkinji gezek 1895-nji ýylda aýratyn jyns hökmünde nemes botanigi Karl Ludwig Ritter fon Blume tarapyndan suratlandyryldy. Orhideýa uzyn baldakly we iki hatara düzülen üç-bäş sany uly etli ýaprakly ösümlikdir. Bu gülüň reňkleri, ýapraklarynyň ululygy we görnüşi bilen tapawutlanýan 70-e golaý dürli görnüşleri bardyr.
Orhideýa ösümliginiň esasan – adaty (uzynlygy 1 metre çenli) we miniatýura (uzynlygy 30 santimetre çenli) diýen iki sany görnüşi bardyr. Onuň gülleri ekzotik kebeleklere meňzemek bilen dürli ululyklarda we şekillerde bolýar. Onuň güllemeginiň dowamlylygy bolsa ortaça 4 aýa çenli dowam edýär, bu hem amatly şertlerde ýylda 2-3 gezek gülläp bilýän orhideýanyň görnüşine we dürlüligine baglydyr.Tebigy ýagdaýda orhideýa ösümliginiň agaçlarda ösýänligi üçin ony öý şertlerinde ösdürilip ýetişdirilende öýde mikroklimatyň döredilmegi zerurdyr. Onuň ýaşamagy üçin amatly gurşawyň döredilmegi sagdyn we owadan gülleri ösdürip ýetişdirmekde ilkinji ädimdir. Munuň üçin ilki bilen ösümligi ýerleşdirjek ýeri saýlap almaly. Şeýle hem esasy üns bermeli zatlaryň biri kadaly temperaturanyň bolmagydyr. Bu ösümligi ýylyň dowamynda 18-25 °C aralygynda saklamak maslahat berilýär.
Öý şertlerinde orhideýa ösümligini ösdürilip ýetişdirilende suw bilen üpjün edilişi onuň ekilen topragynyň çyglygy gurandan soň amala aşyrylýar. Howanyň çyglylygy bolsa 30-40 göterim bolmaly we otag gowy şemallandyrmaly. Ony wegatatiw ýol bilen köpeldip bolýar.
MUHAMMEDOW RÖWŞEN,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň mugallymy